"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 19-njy martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Bahar gül Diýara toý bolup gelýär

Agzybir halkymyz gözelligiň, täzelenişiň, tebigata egsilmez söýginiň beýany bolan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen toýlaýar. Biri-birine ulaşýan çuň mazmunly baýramçylyk dabaralary il-ulsumyzyň ene topraga bolan hiç haçan öçmejek buýsanç, mähriban Watanymyza bolan synmaz söýgi duýgularyny şöhlelendirmek bilen, bagtyýar durmuşymyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem taryhy-medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýän we äleme ýaýýan gadymy baýramdyr. Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, Nowruz baýramy ençeme asyrlardan bäri tutuş adamzadyň durmuşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, ynsanlary dost-doganlyga çagyrýar. Ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyryp, umumy öýümiz bolan tebigata söýgini, zähmetsöýerligi ündeýär. Gadymy baýram parahatçylygyň, ylalaşykly ýaşamagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň jarçysy hasaplanýar. Şonuň üçin hem Halkara Nowruz güni dünýäniň iri we abraýly halkara bileleşigi tarapyndan adamzadyň terbiýeçilik ähmiýetli hem-de gymmatly baýramçylyklarynyň biri hökmünde halkara derejesine eýe boldy.

Adamzat ýaşaýşynyň gönezligi

Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. «Bag eken baky ýalkanar» diýen parasatly jümle bar. Onuň çuňňur manysyny ýurdumyzda ýaz hem-de güýz pasyllarynda guralýan ählihalk bag ekmek çäreleriniň ajaýyp netijelerinde hem görmek bolýar. Ýyllaryň dowamynda ekilen millionlarça düýp bag nahallary bu gün ese-boýa galyp, ýurdumyzyň çäginde ekologiýanyň, daşky gurşawyň abadanlygyna uly goşant goşýarlar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 19-njy martda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Soltanit

Bu daşyň ady agzalanda, syrly gündogar göz öňüňe gelýär: soltanyň owadan köşgi, gündogaryň geň-enaýy süýji nygmatlary... Reňkleri bilen haýran galdyrýan owadan we üýtgeşik soltanit seýrek duş gelýän daşlaryň sanawyna girýär. Ol ýaňy-ýakyndan bäri dünýä meşhur bolup, juda täsin mineral hasaplanýar. Mineralyň ulanylyşy barada ilkinji gezek gündogar ýazgylarynda agzalýar. Soltanit bilen bezelen şaý-sepleri arap adamlarynyň, gündogar hökümdarlaryň arasynda dakynmak ýörgünli bolupdyr. Ýazgylarda galan maglumatlara görä, bu daşy mukaddes hasaplap, tumar hökmünde hem saklapdyrlar. Soltanlar bu daşa akýürekliligiň, hakykatyň, adalatyň nyşany, ýeňiş getirýän, erbet nazaryň badyny gowşadýan, baýlygy alamatlandyrýan gymmatlyk hökmünde seredipdirler. Gutular, gapjyklar, sandykçalar hökman soltanit daşy bilen bezelipdir. Emma bu daş gymmat bolansoň, ony şol döwürler diňe gurply adamlar edinip bilipdirler. Belki, şonuň üçin hem bu daş «soltanit» diýlip atlandyrylandyr. Bu mineral geçen asyrlaryň aristokratlarynyň dakynýan şaý-sepleriniň arasynda ýörgünli bolupdyr. Ýewropa bu daşy Osman imperiýasynyň düýbüni tutan türkler getirýär. Ondan 2 sany beýik soltanyň, ýagny Mehmed II-niň we Süleýman Kanuniniň ýüzükleri ýasalypdyr. Şondan soň Ýewropanyň zergärçiliginde şaý-sepleriň bezeginde soltanit mineraly giňden ulanylýar. Mineral altyn bilen taraşlanýar. Şeýdip, kem-kemden daşyň meşhurlygy artýa

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2022-nji ýyl Aprel

1.HAMAL (Guzy 21.03—20.04) Aprel aýynda hamal ýyldyzynyň astynda doglanlaryň özlerine bolan ynamlary has-da artar. Bu bolsa olara şowlulyk getirer. Bu döwürde kärdeşleriňiziň, ýakynlaryňyzyň arasynda has köp wagt geçirip, olar bilen hyzmatdaşlykda işleşmek maslahat berilýär. Bu döwürde töweregiňizdäkileriň arasynda abraýyňyz has-da ýokarlanar. Kärdeşleriňiz üçin edýän işleriňiz, olaryň sizden hoşal bolmagyna getirer. Aprel aýynyň ikinji ýarymynda, hususan-da, şahsy durmuşyňyzda öňegidişlikler bolar. Dürli görnüşdäki oňyn teklipler gelip gowşar. Şeýle-de aýyň ahyry syýahat üçin örän amatly wagt bolar. Siz köp wagtdan bäri didarlaşmaýan dost-ýarlaryňyz bilen duşuşyp, olar bilen oňat wagt geçirip bilersiňiz.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 18-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +5... +7° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Abadan durmuşyň kepili

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, suwy tygşytly ulanmak, zeý we akaba suwlaryny gaýtadan işlemek, çölleşmäniň öňüni almak, bag nahallaryny ekmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ekologiýa syýasatynyň iň ileri tutulýan meseleleriniň biridir. Daşky gurşaw, adyndan belli bolşy ýaly, biziň daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatdyr. Has takygy, «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, tebigy obýektler diýlip — Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin jemi birlikde amatly şertleri üpjün edýän ýer, topraklar, ýerasty baýlyklar, suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, ekologik ulgamlar, atmosfera howasy, klimat we ýeriň ozon gatlagyna düşünilýär. Aslyýetinde, tebigat diýlende, Ýer ýüzüniň gür tokaýlygy göz öňüňde janlanýar. Tebigatyň aýrylmaz bir bölegini emele getirýändigi üçin tokaýlaryň, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň, öri meýdanlaryň, seýilgähleriň, otluk bilen örtülen meýdanlaryň howanyň arassalanmagyna, ýaşaýşyň ekoulgamynyň dowam etmegine ýardam edýändigi ylmy taýdan subut edildi.

Köpetdag gözellige baý

Türkmenistanyň bereketli topragy, tenekar suwy, tämiz howasy, babadaýhanlaryň zähmetsöýerligi ata Watanymyzy gür baglyga öwürmäge doly mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada geçirilýän işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çärelere, ylmy taýdan öwrenilen, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Bu ugurda ýurdumyzda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamlaryny ösdürmegi göz öňünde tutýan «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem uly ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyzda daşky gurşawy we ekologik dürlüligi gorap saklamagyň baş ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hukuk binýadyny emele getirýär.

Eşretli ýaşaýşyň gözbaşy

Ýurdumyzda ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suwy tygşytly peýdalanmak, ony oba hojalygynda netijeli ulanmak, täze suw desgalaryny gurup, ulanmaga bermek boýunça köp işler ýerine ýetirilýär. Suw serişdelerini goramak we ondan ýerlikli peýdalanmak baradaky mesele ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz suw serişdelerini peýdalanmak we olary gorap saklamak babatda halkara gatnaşyklaryna işjeň goşulyp, bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär. Bu ulgama maliýe serişdelerini gönükdirmek, şol sanda suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragy bagy-bossanlyga öwürmek we şorlaşmaga garşy göreş alyp barmak hem-de daşky gurşawy goramak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýokary baha mynasyp bolýar.

Türkmenistan — bagy-bossan

BAGLAR — ZEMINIŇ AJAÝYP GÖRKI Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda tebigaty goramaga, baýlaşdyrmaga, daşky gurşawyň, ekologiýanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bu babatdaky köp sanly derwaýys çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Her ýyl Milli bahar baýramynyň öň ýanynda bag ekmek dabaralarynyň guralmagynyň ajaýyp däbe öwrülmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Arkadagymyzyň häzirki dowam edýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda bu ählihalk çäresini 20-nji martda geçirmek baradaky Karary kabul etmegi hem uly ähmiýete eýedir.

Näme üçin ýagyş ýagýar?

Bulutlar ownuk suw damjajyklaryndan emele gelýär. Şol damjajyklar bolsa buludyň içinde howada durup bilmejek ýagdaýa gelenlerinde agyrlaşyp, aşak düşüp başlaýarlar, ýagny ýagyş bolup ýagýarlar. Deňizlerdäki, derýalardaky we köllerdäki suwlar howa gyzanda dowamly bugarýarlar. Suwuň bug bölejikleri ýokary galmaga başlaýarlar, sowuk howa bilen garyşýarlar. Bu bolsa dürli göwrümdäki bulutlary emele getirýär. Damjajyklar belli bir derejede agyrlaşýança bulutlaryň aşagynda birikýärler we soňra ýagyş bolup, ýere ýagmaga başlaýarlar.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň mart aýynyň 16-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 15-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 15-nji martda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Garagumuň baýlygy

Garagum sährasynyň tokaýlyklary köpdürlüligi we ýaşy boýunça biri-birinden tapawutlanyp, bir gektara agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň ortaça 300 — 600 düýbi düşýär. Bu tokaýlyklaryň esasy ösümligi bolsa sazakdyr. Pürli agaç bolan sazak görnüşi boýunça ak we gara sazaklara bölünýär. Ak sazagyň şahalary açyk we kiçi, gara sazagyňky bolsa ýogyn we uly bolýar. Sazagyň, esasan-da, ak sazagyň tokaýlyklary sähranyň çägeli ýerlerinde köp duş gelýär. Onuň boýy 2 — 3 metrden 5 metre çenli, köküniň uzynlygy bolsa 9 metre çenli ýetýär. Sazagyň düýbüni çäge basanda goşmaça kök ulgamynyň döremegi, gapdallygyna 7,5 metre çenli uzamagy onuň berdaşly bolmagynda, şeýle hem çägeleri berkitmekde, ýeliň ugruna göçmekden goramakda aýratyn ähmiýeti bardyr. Sazagyň, esasan-da, gara sazagyň ýerasty suwlara ýetýän güýçli kök ulgamynyň barlygy üçin ol suwsuzlykdan ejir çekmeýär. Gara sazak Garagum sährasynda, esasan, ýerasty suwlaryň ýakyn ýerleşen ýerlerinde, düzlüklerde ösýär. Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň esasy agajy bolan sazagyň gadymyýetden bäri halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bardyr.

Dillerim açylar mart geler welin...

«7/24.tm», № 11 (94), 14.03.2022. Her paslyň özüne mahsus aýratynlygy bar. Gyş öz gary bilen, tomus jöwzasy bilen tapawutlanýar. Ýaz hem tebigaty ýaşyl begrese büräp, ene topraga güldür gülälekleri eçilýär. Ine-de, ýaz. Bu pasyl al-elwan açylan gülleri bilen tebigatyň görküne görk goşýar. Anbar ysly güller bilen bezelen ýaýlary diýsene! Pasyllaryň soltany hasaplanylýan bahar türkmen topragyna bereket getirýär. «Bahar» diýilse, kümüş saçly enelerimiz, mähriban gelin-gyzlarymyz, güläleklere beslenen meýdan göz öňüňe gelýär. Bahar diýilse ýaşlyk, juwanlyk aňymyzda janlanýar. Çünki bu pasyl «ömrümiň bahary» diýlip, ynsanyň juwanlyk döwrüne, durmuşyň iň ajaýyp pursatlaryna deňelýär. Göýä arzuw-hyýallaram şu pasylda wysal bolaýjak ýaly her bir adamda ynam döreýär. Geljege umyt, ýüregiňde beýik maksatlar hyruç alýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 12-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Damjasy zere deňelýär

Tutuş janly tebigatyň — adamzadyň, haýwanlaryň, ösümlikleriň ýaşamagy üçin üç zat ilkinji zerurlykdyr. Olar — howa, suw, toprak. Ýaşaýşyň ilkinji zerurlygy bolan şu üç zadyň arassalygyny gorap saklamak XX asyrda adamzadyň öňündäki derwaýys mesele hökmünde dünýäniň ähli ýurtlaryna ýaýrap gitdi. Ýurdumyzda çalt depginler bilen ösýän oba hojalyk pudagy suwa bolan talabyň güýjemegine getirýär. Süýji suw diňe hojalyk üçin däl, biziň senagatymyz üçin hem zerurlykdyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň çägindäki suw gorlaryny aýawly saklamak, tygşytly ulanmak şu günki günde ähmiýetli meseleleriň biridir.

Howa maglumaty

 Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 12-nji martda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.