"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Uzak ýaşly enäniň guwanjy

Fotosuratçy ýigidiň elime jaň eden wagty tomsuň günortanynyň tüp yssysy depäňi deşip barýardy. Işden ýadap, öýe ýaňy girip durşumdy. Fotosuratçy ýigidiň uzak ýaşly enäni surata düşürmekçi bolýandygy (özem ol 111 ýaşly ene hakynda gürrüň edýärdi), eger islesem, meni hem ýany bilen alyp gitmekçidigi barada aýdanlary meniň ýadawlygymy el bilen aýrylan ýaly etdi. Şeýle uzak ýaşan ene bilen didarlaşmagyň, onuň hal-ahwalyny sorap, mümkin bolsa, gürrüňlerini diňlemegiň özi ullakan bagt ahyry. Biz öýlänler Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ýalkym geňeşliginiň Annaoý obasynda ýaşaýan mährem ene Ogulbäbek Muhammedowalara baranymyzda hem, Günüň howry gaýdyşmandy. Ak guş ýaly perişdepisint ene bizi mähir bilen garşylady. Bagtymyza enäniň jany sag, wagty hoş eken. Halyndan habar almaga gelendigimizi hem-de surata düşürmekçi bolýandygymyzy eşidende, ol has hem begendi.

Mertebäm sensiň, käbäm!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndan: «Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Kemala gelen perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýüregine düwen ýagşy niýetini amala aşyrmagynyň şertliligidir. Bu, elbetde, dogrudyr. Halkymyzyň paýhas gorunda bu ýagdaý hem öz beýanyny tapypdyr. Seýrek hem bolsa, il arasynda: «Enesiniň ak patasyny almady» diýip, şowlamadyk işiň sebäbiniň basym aýdyň edilýändigini eşitmek bolýar».

Dostluk suprasy

Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly geçirildi. Dostluk suprasy, aşpezlik sungaty islendik ýurduň medeniýetiniň örän gyzykly we gözel sahypalarynyň biridir. Biz žurnalymyzyň şu sanynda şol festiwala gatnaşan doganlarymyzyň bir supranyň başyna jem bolup taýýarlan tagamlaryndan okyjylarymyza hödürleýäris. Gazak bäşbarmagy

Gül — ylham we melhem

Güller — dünýäniň bezegi. Ynsan kalbynyň ylhamy hasaplanýar. Çünki, ähli gowy zatlar hem güllere deňelýär. Birek-biregiň hal-ahwaly soralanda hem “Gül ýaly” diýilmegi ýa-da iň gowy arzuwlar bilen “Durmuşyňyz güller ýaly owadan bolsun” diýlip, ýagşy dilegleriň edilmegi, ter bägülleriň sowgat berilmegi hem ýöne ýere däl bolsa gerek. Mundan, başga-da, lukmançylykda hem gül melhemlik hökmünde peýdalanylýar. Gadymy Çyn--Maçyn (Hytaý) tebipleri bägüllerden, gül-gunçadan garrylar üçin juwanlyk melhemini ýasapdyrlar. Keselbent gojalary gülap suwy bilen bejeripdirler. Üstesine-de, olar garrap tapdan düşse, hatda iň soňky deminde ýatan garry näsaglaryň daş-töweregini täze, ter açylan bägüllerden, gül-gunçalardan boglan çemenler bilen bezäp goýup, otagda bägül biomeýdanyny döredipdirler. Bu bolsa garrap, tapdan düşen, agyr halda ýatan näsagyň şol güllerden güýç-kuwwat alyp, kem-kemden sagalmagyna itergi beripdir. Şeýle hem geçmişde, ata-babalarymyz, huşundan gidip, ýykylan adamlaryň ýüzüne gülap suwuny sepipdirler. Ýüregagyryly kişilere bolsa, gülap melhemi içirilipdir, bägül müşki ysgadylypdyr. Şeýle täsin usuly ulanyp, tebiplerimiz huşundan giden kişini, ýüregagyryny bejeripdirler.

Öý — görüm-görelde ojagy

Arada obada ýaşaýan talyplyk ýoldaşymyňka myhmançylyga gitmeli bolduk. Olar täze jaýa göçensoňlar öýlerine ilkinji gezek barşymyzdy. Şonuň üçin öýlerini tapmak üçin köçäniň başyndan soňuna çenli ulagly geçdik. Gidip barşymyza birden hatar öýlerden mesaňa saýlanyp duran bir öýe synym oturdy. Ol öý binagärlik tarapyndan kaşaň, owadan bolmasa-da, şeýle bir özüne çekiji, gözel görünýärdi. Aýnasynyň bardygy bildirmeýän penjireleriň, lowurdap duran gapylaryň, daş-töweregiň arassalygy, ähli zatlaryň ýerbe-ýer, tertipli goýulmagy, ol öýi diýseň bezeýärdi. Hatda mellekleri hem edil el bilen süpürilen ýalydy. Diýmek, bu öýde üýtgeşik zenan bar bolmaly! Aslynda, zenan diýmek ― eneňdir, uýaňdyr, gyzyňdyr we söwer ýaryňdyr. Öýüň zenany gowy bolanda, öýüň görki, durky, berki düýbünden başgaça bolýar. Türkmen halkynda watansöýüji, maşgala ojagyna wepadar, durşy bilen pähim-paýhasa ýugrulan çeper elli enelerimizdir gelin-gyzlarymyzyň ady we mertebesi müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejä göterilip gelinýär.

Uly çy­ra (ýapon oýny)

Ýa­pon ça­ga­la­ry­nyň ara­syn­da meş­hur bo­lan bu oýun ýö­ne­keý­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, gy­zyk­ly oýun­la­ryň bi­ri­dir. Bu oýun­da ça­ga­lar döwze gu­rap otur­ýar­lar. Ça­ga­la­ryň ara­syn­da bi­ri sa­na­waç bi­len mö­jek saý­lan­ýar. Mö­jek saý­la­nan ça­ga eli­ni bi­ri-bi­ri­ne ýa­kyn­laş­dy­ryp, «uly çy­ra» diý­ýär. Soň­ra bol­sa no­ba­ty ge­len ça­ga eli­ni açyp «ki­çi çy­ra» diý­ýär. Ýag­ny ça­ga­lar eli bi­len «uly çy­ra» di­ýen­le­rin­de ki­çi, «ki­çi çy­ra» di­ýen­le­rin­de uly ma­ny­sy­ny yşa­rat et­me­li. Aý­da­nyn­da ýa-da eli bi­len gör­ke­zen­de ýal­ňyş he­re­ket eden oýun­dan çyk­ýar. Bu oý­ny 10-20 bo­lup oý­nap bol­ýar. Oýun soň­ky ça­ga gal­ýan­ça do­wam ed­ýär.

Tä­ze geo­met­rik şe­kil

Ylym dün­ýä­sin­de tä­ze geo­met­rik şe­ki­liň üs­tü­ni aç­dy­lar. Bu şe­kil bi­ziň de­ri öý­jük­le­ri­mi­ziň şe­ki­li­dir. Kä­bir mör-mö­jek­le­riň öý­jük­le­ri gaý­ta­dan mik­ros­kop as­tyn­da göz­den ge­çi­ri­len­de, ha­ky­kat­da­nam, priz­ma meň­zeş, ýö­ne bir ujun­da 5, beý­le­ki ujun­da 6 sa­ny dik­li­gi bo­lan tä­sin şe­ki­li ýü­ze çy­kar­dy­lar. Geo­met­rik taý­dan geň bo­lan bu tä­ze şe­kil Y şe­ki­li­ni eme­le ge­ti­rip, priz­ma­nyň de­pe­le­rin­den bi­ri­ni ikä böl­ýär we ki­çi­jik üç­burç­luk dö­red­ýär. Göz­leg­çi­ler tä­ze ta­pyn­dy­la­ry­ny «Sku­to­id» di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Res­mi taý­dan sku­to­id geo­met­rik şe­ki­li­niň «Ceto­nii­nae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li «sku­tel­lum» tom­za­gyn­da bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu şe­ki­le sku­to­id diý­lip at be­ril­me­gi­ni bol­sa kä­bir mör-mö­jek­le­riň be­de­ni­niň ar­ka ta­ra­pyn­da­ky ki­çi­jik üç­burç gal­kan şe­kil­li gur­lu­şa meň­ze­dil­me­gi bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Göz­leg to­pa­ry sku­toi­diň tu­tuş de­ri­niň için­dä­ki hyz­ma­ty­ny epi­len priz­ma­nyň epi­tel öý­jük­le­ri­niň bü­kül­me­gi bi­len has köp ener­gi­ýa tyg­şyt­ly gur­luş dö­red­ýän­di­gi bi­len dü­şün­dir­ýär­ler.

Söýgi söýgüden döreýär

(Soňy. Başlangyjy geçen sanymyzda) «7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021.

Maşgala — jemgyýetiň gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiziň: «...Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir»  diýen parasatly jümlesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämil we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek aladasyny döwlet syýasatymyzyň iň esasy, wajyp wezipesi edip, öňümizde goýmaga esas bolýar. Maşgala jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolup durýar. Adamyň durmuş ýolunda, geljekde öz ornuny tapmak meselesinde maşgalanyň täsiri uludyr. Adamyň çäkli ömründe berk maşgala gurup, agzybirlikde, söýüp, söýlüp ýaşamagy durmuşyň manysy diýsek hem ýalňyşmarys.

Uzap barýar ömür saly türkmeniň

«Türkmenistan» gazetiniň ýakyndaky sanlarynyň birinde uzak ýaşly ildeşlerimiziň suratlary we pikirleri ýerleşdirilen sahypany okanymda, dünýämi giňeldýän, göwnümi göterip, ýaşaýşa höwesimi artdyrýan bir ýakymly duýgyny başymdan geçirdim. Nesip etse, ynsan ömri, gör, nähili uzak hem bolup biljek ekeni! Pensiýa ýaňyrak çykan adamlar, seredip otursak, 121 ýaşly Ajapsoltan enäniň ýaňy ýarpy ýaşyny ýaşapdyrlar ahyryn. Şu Hudaý beren Diýarymyzyň päkize howasyndan dem alyp, melhem suwundan içip, eşretli we asuda durmuşyny görüp ýaşaýan ildeşlerimiziň her biriniň göwnüni giň tutup, öz arzuw-hyýallaryny artdyrmaga, menzil ölçeglerini has aňry süýşürmäge degerli esas bar. Türkmen özüniň Taňry söýen milletdigini bilýär, her halatda Haka sygynýar, Onuň hossar nazaryny aýlajakdygyna berk ynanýar. «Ömür saly artar alkyş alanyň» diýende, Magtymguly Pyragy, megerem, beýik Allatagalanyň alkyşyna mynasyp bolmagy ündändir. Bu pikir diňe bir din bilen baglylykda däl, ary saýylýan milletimiziň bütin taryhynyň dowamynda ýagşylyk etmek, alkyş almak ýaly pikirler ündelip, ösdürilip, türkmençilik diýilýän milli däp-dessuryň we ýol-ýörelgäniň esasyna goýlupdyr.

Asyry alkymlan ömrüň manysy

Bir asyra golaý ýaşy arkasyna atan kakam Gurbanbaý Mätjanow bu uzak ömründen diýseň hoşal. Ol özüne şu günki ajaýyp zamanamyzyň eşretli, döwletli-döwranly, parahat durmuşynyň hözirini görüp ýaşamagyň miýesser edenine buýsanýar. Ak sakgally, nurana keşpli kakam 96 ýaşy arka atyp barýanam bolsa, entek onuň göreçleri, ýatkeşligi ýiti. Eger görme-görşe baryp, onuň ýanynda oturaýsaň, uzak ömrüniň dowamynda başyndan geçiren wakalaryny gürrüň berip başlar welin, Kerim şahyryň Taýmaz babasy barda. Asla onuň ýanyndan aňsatlar gopaýmarsyň. Atasyndan habar almak üçin günde-günaşa gelýän gelinleriniň, agtyklarynyň, çowluklarynyň, ýuwluklarynyň öz daşynda halka gurap, saçak başynda alaýaz bolup oturyşlaryna syn edip oturan kakamyň öz dowamatlaryna bolan begenjine goşa didesiniň nemlenmegi onuň bagtyýar döwre, bagtly ýaşaýşyna bolan şatlygyny aňladýar. Ýaşym altmyş sekiziň bosagasynda duranam bolsa, kakamyň bu bagtyýarlygyna depäm göge ýetip: «Şeýle bagt, uzak ömür bize-de nesip etsin-dä!» diýýärin. Ol özüniň şu günki bagtyýarlygyna şatlanyp, geçen çagalyk, ýetginjeklik ýyllarynyň agyr günlerini ýatlap:

Ynsan ruhuny galkyndyrýan ganatly sözler

«Salawmaleýkim, işiňiz ugruna bolsun!» diýen sözlemde adam gatnaşyklarynyň inçe tarapy jemlenendir. Ynsan nesli bu sözleme şol duýgulary ençeme asyrlaryň dowamynda ornaşdyrypdyr. «Salawmaleýkim» diýen söz barada şeýle bir tymsal hem bar. Ataly-ogul tokaý ýodajygy bilen gidip barýan ekeni. Töwerek diýseň asudalyk bolup, diňe daşdeşeniň uzak ýerlerden gelýän tyrkyldysy we çola tokaýda çeşmejigiň şildiräp akýan sesi eşidilýärmiş.

Türkmen dünýäsi

Türkmen Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy! Bular ýüregiňe kuwwat berýän, türkmen dünýäsine nur saçýan gudrat. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy dabaraly baýram ediljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda türkmeniň Oguz han atamyzdan gaýdýan nesil dowamaty barada oýlananyňda, onuň ynsanperwerligi ýadyňa düşýär. Garraşyberende, perzendine: «balam», töweregindäkilere: «janam, köşegim» diýip ýüzlenýän ene-mamalarymyzyň, ata-babalarymyzyň ýüzleriniň nuruny synlasana! Mylaýym söz bilen güler ýüz birleşip, kalplara mähribanlygy paýlaýar. Ol mähribanlyk bolsa görelde mekdebi bolup, bagtly ýollara atarýar. Onuň aňyrsynda agzybirlik, bir-birege söýgi, dost-doganlyk, ynsaplylyk, sabyrlylyk, ynsanperwerlik ýaly ynsany beýgeldýän häsiýetler ýatyr. Men ýokarda «garraşyberende» diýen sözi ulandym, bu hakykat ýüzünde şeýle, sebäbi türkmen aga ýaşlygynda hiç wagt ýüregi bilen söýüp, ugrunda janyny gurban etjek perzendine «pylany jan», «janym», «guzym» diýip ýörmezek. Gyzlaryň asylly, edep-ekramly, ar-namysly, oglanlaryň mert, merdana, watansöýüji, batyr, ar-namysly, gerçek ýigit bolup kemala gelmeginde ene-atanyň göreldesi uly.

Öýüň görki, toýuň bezegi

Ýurdumyzda zenanlara belent sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň buýsanjyna, mukaddes ojaklarymyza deňelýär. Milli ýörelgelerimizde zenan mertebesi, hormaty hemişe ýokarydyr. Dana pederlerimiziň döreden «Zenan — mähek daşy» diýen parasatly jümlesiniň özeninde bolsa türkmen zenanynyň edebi, mertebesi bardyr. Halkymyzda öýleriň bezegi hasaplanylýan zenanlar hakynda köp pähimler döredilipdir. «Zenan» sözüniň maşgala baradaky düşünje bilen tirkeşdirilip ulanylmagy bolsa, türkmenlerde zenana goýulýan sarpanyň juda uludygyny görkezýär. Ata-babalarymyz hem zenanyň öýi öý edýän esasy ynsandygyny, onuň nesil dowamatynyň kämilliginiň gözbaşynda durýandygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserlerinde hem zenanlar, olaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki orny barada giňişleýin durlup geçilýär. Biz hem geçirýän duşuşyklarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndaky pähim-paýhasly pikirleri wagyz-nesihat edýäris.

Söýgi söýgüden döreýär

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Garym-gatym duýgularyň içinden birini sogrup, «Şu söýgüdir-ow» diýäýmek aňsad-a däl. Duýgular bir-birinden owadan, bir-birinden täsin, bir-birinden ýakymly. Olaryň her biri her kime her hili ýaraýar. Birden-birden dagy «söýgi» diýlen aýratyn düşünje ýok, ol ýakymly, owadan duýgularyň toplumy ýaly bolup duýulýar, birdenem, oňa günleriň bir güni göwün köşgüň üçeginden patlap düşjek keramata garaşýan ýaly garaşýarsyň. Şol gelensoň dünýä başgaça bolaýýar diýýälerem welin, özüň başga birine öwrülýän bolaýmasaň, bu goja dünýäniň seniň söýgiňe duşanyň üçin üýtgejek gümany barmy nä?! Ýöne ynha, özüni şeýle özgertjek şol söýgä duşmak, ony tanap bilmek ynsan üçin nähili möhüm bolsa-da, ol pursady başymyzdan geçirmek her birimize miýesser edip baranok. Öňde-de bir akyldaryň aýdyşy ýaly, «Söýmek — bu Hakyň beren ylahy ukyby»...

Türkmen saçagynyň berekedi

Halkymyzyň özboluşly, baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hem milli tagamlarydyr. Gözbaşyny, döreýiş taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýan, asyrlaryň dowamynda kämilleşen halkymyzyň datly tagamlarynyň beýany hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen çapdan çykan «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda jemlenendir. Okyjylary türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyşynyň özboluşly usullary bilen tanyşdyrýan bu kitap ýaş nesillerimiziň milli mirasymyzy içgin öwrenmekleri üçin hem ähmiýetli orna eýedir.

Körpelere okap beriň!

Düýş Ejesi diýýär:«Ertirlik taýýar.Turaý, Wepa jan, Gün dogdy eýýäm».

Milli tagamlar — milletiň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň bereketli saçagy» atly kitaby okyjylarymyzyň iň söýgüli eserleriniň hatarynda durýar. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmeniň datly tagamlary taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýar, olar uzak ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdirilip, adamyň sagdynlygyna, iýmit siňdirijiligine, ýokumlylyga, ýakymlylyga, süýjülige gönükdirilendir. Kitap okyjylary diňe bir türkmen milli tagamlary bilen tanyşdyrman, eýsem, onuň taýýarlanyş usullaryny hem has aýdyňlaşdyrýar. Gazetimiziň şu sanynda «Türkmeniň bereketli saçagy» atly kitapdan türkmen tagamlarynyň käbirleri baradaky ýazgylary okyjylarymyza ýetirýäris.

Degişmeler

— Sen surat çekip bilýäňmi? — diýip, myhmançylyga gelen daýzasy Döwranjykdan soraýar. — Hawa.

Edep bilen bagt tapylar

Çaga ýaşlykdan görüm-göreldä eýerýär. Perzendiň edep-terbiýesiniň düýp binýady bolsa terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanylýan maşgaladan gözbaş alýar. Ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzent üçin durmuş mekdebi bolup durýar. Türkmen halky öz perzendiniň edepli, bilimli, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly gylyk-häsiýetleri öwredipdirler. Şol ýörelgeler nesilden-nesle geçip, häzirki wagtda-da dowam edip gelýär. Edeplilik, adamkärçilik, medeniýetlilik ilki bilen salamdan başlanýar. Edeplilige ahlaklylygyň daşky ýüze çykmasy hökmünde hem düşünmek mümkin. Edeplilik we onuň her bir ynsan üçin näderejede ähmiýetlidigi barada Gündogar akyldarlary hem ajaýyp pikirleri aýdyp geçipdirler. Orta asyrlarda ýaşan Gündogaryň görnükli söz ussatlarynyň biri Jelaleddin Rumy: «Ynsan ogly edepden nesibesini almasa, ynsan däldir. Esasan, ynsan bilen haýwanyň arasyndaky parh hem edepdir» diýip belleýär.