"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Baldyzym — baş daragtym

Il deňinde deňli-derejeli bolup, durmuş toýuny tutup, bir öýe gelin bolup geleňsoň, şol öýüň abraýyny gorap, öýdäkiler bilen ýürekdeş-göwündeş bolmaga çalyşmaly. Halkymyzda gaýynataňdyr gaýyneneňe, ýüwürjidir baldyzlaryňa hormat goýmak däbi gadymy döwürlerden bäri saklanyp gelýär. Ýanýoldaşyň hossarlaryny sylamak, olaryň abraýyny-adyny goramak, gelinlik hyzmatyny etmek ýaş gelniň mukaddes borjudyr. Gelin gelende hemmelerden öň begenýän, ýaş gelin çörege çagyrylanda onuň ýany bilen gidip, ýaş gelne ýakyn ýardamçy bolýan baldyzlar durmuşda esasy orunlaryň birini tutýar. «Baldyzym — baş daragtym» diýlişi ýaly, ýaşajyk baldyzlaryň üsti bilen gelen gelin täze düşen hojalygynyň ähli düzgünlerine belet bolýar. Gelniň baldyzy bilen gowy gatnaşygy, agzybirligi öýdäki beýleki maşgala agzalarynda hem gelne bolan hormat-sylagy, gowy garaýşy döredýär. Daşyndan seredeniňde dogan ýaly diýdirýän gelin-baldyzy göreniňde göwnüň şatlanýar. Durmuşyň synagly ýollarynda ýaş gyzyň gelinlik dünýäsine düşünmegine, gelne bolsa, baran ojagyna ysnyşyp gitmäge ýardam berýän gelin-baldyz gatnaşyklary tutuş maşgala üçin wajypdyr.

Ata-enäni hormatlamak edebi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň aladalarynyň netijesinde dost-doganlygy pugtalandyrmak babatdaky milli ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkymyz ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli edep-ekramy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen ösüp gelýän ýaş neslini terbiýeleýär. Türkmen halkynyň milli halk döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Dana pederlerimiz öz dowamatlaryny, nesillerini arassa ahlakly, päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzihalal, watansöýüji, pähim-paýhasly, mert, batyr, eli çeper edip ýetişdirmek isläpdirler. Olaryň şeýle häsiýetleri özlerinde jemlemekleri üçin, halkymyz özboluşly milli terbiýeçilik ähmiýeti ýokary bolan nakyllary, läleleri, hüwdüleri, aýdym-sazlary döredipdirler. Bu döredijiligiň içinden adamzada öwüt-ündew, özüňi alyp barmak, ene-ata hormat ýaly birnäçe ýagşy ýörelgeler eriş-argaç bolup geçýär.

Perzent bagty

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022. Sen meniň köňlümiň ganaty, ömrümiň zynaty, göwnümiň uçar gyratysyň. Sen kyrk gezek elenip, hamyra öwrüljek bugdaýyň ak unusyň, ýüregimiň ýagysyň. Dünýä ineniňde Taňry saňa gülleriň ýakymly ysyny, tagamlaryň agzyňdan gitmejek tagamyny bagyşlapdyr. Balkyldap bakýan bigünä  we päkize gözleriňde durmuşa, geljege bolan tükeniksiz höwesiň we çäksiz gyzyklanmalaryň giden ummany ýerleşipdir.

Dünýäde kän her gülüňem aşygy...

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022. Nobatguly Rejebowyň «Özünden göwni geçýär gören çagy gül seni» diýen setirleri arkaly gözelleri wasp eden bolsa, aglaba halatda dünýäniň iň naýbaşy närseleri güle-gunça deňelýär. 

Maşgala ojagynyň gymmaty

Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler etrabyň oba medeniýet öýlerinde etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, geňeşligiň arçynlarynyň bilelikde guramagynda ýaş maşgalalaryň gatnaşmaklarynda «Maşgala ojagynyň gymmaty» ady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary ýakynda etrabyň Syýadagsakar, Jeňňel, Lebaby geňeşlikleriniň oba medeniýet öýlerinde geçirildi. Geçirilýän duşuşyklarda türkmen maşgalasynyň mertebesini belentde tutmak, maşgala agzybirligini berkitmek, onuň gymmatyny gorap saklamak, maşgala gatnaşyklary bilen bagly ýüze çykyp biläýjek dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak dogrusynda täsirli gürrüňler berilýär. Çärä gatnaşanlar ýurdumyzda halkymyza, esasan hem, ýaş maşgalalara döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Çagany bilelikde işlemäge höweslendirmek

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryňdyr ylmy işleriň awtory, psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Ýagşylygyň ýalkawy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr. Perzendiň şu dünýäde mynasyp orny eýelemeginiň esasynda oňa berilýän mähir, yhlas, alada jemlenendir.

Ýakymly pursatlar

Gülüň ysy Türkmen halkynda ogluň ýetişensoň, şagalaňly toý tutup, öýlendireniňden soň, bäbek toýuna garaşmak ýaly ýagşy arzuw-hyýallar bar. Durmuş dowam edýär. Arzuw eden süýji günleriň hem ýetip gelýär. «Oguldur döwletiň başy, gyz hem bolsa göwün hoşy» diýip, ogul bolsa-da, gyz bolsa-da on iki synasy sagat balanyň dünýä gelmegine garaşylýar.

Öý bikesi öwrense...

Gatlama Gerekli önümler:

ÝYLDYZLAR NÄME DIÝÝÄR? SIZE GOWULYK GARAŞÝAR

2022-nji ýyl Fewral

Taý geldi — toý geldi

Sişenbe güni hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Gökdepe etrabyndaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna hem-de etrabyň çäginde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezine baryp görmegi tolgundyryjy duýgulary döretdi. Düýn «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň mejlisler jaýynda bolan hoşallyk maslahaty hem şol ajaýyp we taryhy wakanyň şanyna guraldy. Bu maslahat behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek, atçylyk pudagyny ösdürmek babatda tagalla edýän döwlet Baştutanymyza egsilmez hoşallygyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Ussat seýis Orazmyrat Annalyýewiň döwletli maşgalasy Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynda ýaşaýar. Ykbalyny atçylyga baglan halypa atşynas indi 20 ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda zähmet çekmek bilen, pudagy ösdürmekde, ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna höwes döretmekde, atlary seýislemekde tagallalaryny gaýgyrmaýar.

Ahlak terbiýesiniň wajyp meseleleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle ylym-bilim öwretmek, ahlak taýdan terbiýelemek arkaly olarda türkmen nesliniň gowy sypatlaryny kemala getirmek meselesine uly üns berilýär. Sebäbi bu günki ýaş nesiller biziň jemgyýetimiziň geljegi bolup, biz, şol geljegiň ýaş nesilleriň terbiýesine, ahlak-erk sypatlaryna, olaryň estetik, akyl we beden taýdan ösüşlerine, durmuşda we zähmetde uly nesilleriň maddy we ruhy tejribesini dowam etdirmäge hem ösdürmäge näderejede taýýardygy bilen baglanyşyklydygyna oňat düşünmelidiris. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň: «Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, geljekde hakyky watançy, ynsanperwer, päk ahlakly, giň düşünjeli we halal adamlar bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladasydyr» diýip, nygtap geçişi ýaly, bu asylly maksatlaryň hötdesinden abraý bilen gelmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Ahlak — adamlar bilen aragatnaşykda, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünidir, ählihalk terbiýeliliginiň täjidir. Ol okuw döwründe, zähmetde, aragatnaşykda, hatda döredijilikde hem aýdyň ýüze çykýar. Ahlak terbiýesini maşgala, mekdep, mekdebe çenli ýaşly we mekdepden daşary çagalar edaralary, kitaphana hem-de zähmet toparlary amala aşyrýar. Ata-ene, mugallym, medeniýet işgärleri durmuşda, işde, maşgalada, jemgyýetçilik ýerlerinde özünden hemişe görelde alynýandygyny unutmaly däldir. Şu işde mekdebiň terbiýeçilik tärlerinden we sungat edaralarynyň,

Çaga joraplary

Gerekli esbaplar: • Çiş;

Almaly süýjülik

Gerekli önümler: • 2 sany ýumurtga;

Ba­lyk­dan taý­ýar­lan­ýan na­har­lar

Türk­men hal­ky­nyň be­re­ket­li sa­ça­gyn­da ba­lyk­dan taý­ýar­lan­ýan na­har­lar aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. De­ňiz­de, der­ýa­lar­da, köl­ler­de ba­lyk­la­ryň dür­li gör­nü­şi ga­bat gel­ýär. Bek­re, lak­ga, ça­pak, ke­pir we beý­le­ki ba­lyk­la­ryň gör­nüş­le­rin­den süý­ji ta­gam­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len çap edi­len «Be­re­ket­li türk­men sa­ça­gy» at­ly ki­tap­da hem ba­lyk­dan na­har taý­ýar­la­ma­gyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry be­ýan edil­ýär. «Be­re­ket­li türk­men sa­ça­gy» at­ly ki­tap­da beý­le­ki na­har­lar bi­len bir­lik­de ba­lyk çor­ba­sy, ba­lyk­ly pa­law, ba­lyk ýah­na­sy, ba­lyk çek­dir­me­si ýa­ly gör­nüş­le­ri ha­kyn­da mag­lu­mat­lar bar. Mun­dan baş­ga-da, ba­lyk­dan ýah­na­ly aş, dür­li iş­däa­çar­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Ola­ryň taý­ýar­la­nyly­şy­nyň aý­ra­tyn­ly­gy ba­ra­da «Be­re­ket­li türk­men sa­ça­gy» at­ly ki­tap­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Mu­nuň özi türk­men hal­kyn­da, esa­san hem de­ňiz ke­na­ryn­da ba­lyk­ly na­har­la­ryň bi­şi­ri­lip gel­nen­di­gi­ni aňl­adýar. As­lyn­da, ba­lyk­dan taý­ýar­la­nan na­har­lar hem ta­gam­ly, hem sag­ly­ga peý­da­ly bol­ýar. Luk­man­la­ryň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, ba­lyk ýo­kum­ly­ly­gy, peý­da­ly wi­ta­min­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şo­nuň üçin hem bu ta­gam­lar hal­ky­myz­da, esa­san hem ke­nar­ýa­ka il­deş­le­ri­miz­de köp taý­ýar­lan

Hekaýa. Täze ýyl sowgady

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Bu şaýylyklaryň her birisi bakgal, gök satyjy we gassap bilen söwdalaşylyp jemlenipdi. Bir dollar segsen ýedi sent. Hemmesi şulardy. Onuň altmyş senti hem bir sentlik şaýylyklardan ybaratdy. Käwagt satyjylaryň özüni gysgançlykda aýyplamalaryndan ätiýaç edip, utanjyndan ýüzi gyzarýan wagtlaram az bolmaýardy. Della puluny üç gezek sanady. Bir dollar segsen ýedi sent. Ertesi gün hem Roždestwo günüdi.

Gözeller bäsleşdiler

2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň “Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr” diýen şygaryna esaslanyp, TZB- -niň Merkezi geňeşi TKA-nyň Milli merkezi bilen bilelikde “Edepli hem çeper elli türkmen gözeli” atly bäsleşigi yglan etdi. Golaýda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçe medeniýet öýünde ýokarda ady agzalan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Etrap zenanlar bölümi tarapyndan guralan bu bäsleşige etrabyň çeper elli gyzlary gatnaşdylar.

Perzent we ata-ene

Gadym zamanlarda bir patyşa bir eneli-ogly sähel zatda günäläp tussag edenmiş. Şol gün agşam patyşa bir düýş görüp turupdyr-da, ertesi şol bendi eneli-ogly huzuryna getirmegi buýrupdyr. Tussag adam sakgaly guşaklygyna düşüp duran, ýaşy altmyşa ser uran kişi eken, onuň ejesi bolsa togsany bireýýäm beýläk taşlan aýal eken. Patyşa olary birlaý synlapdyr-da:

Başarnygym — baýlygym

Edep başyny zähmet terbiýesinde görýän halkymyz ýaş nesilleri, esasan hem gyz maşgalalary ýaşlykdan zähmete uýgunlaşdyrýarlar. Zähmet bilen gümra bolup, bar ünsüni hojalygyň bähbidine gönükdirýän ýaş gyzlar diňe bir öz wagtyny peýdaly ulanmak bilen çäklenmän, öz ömür hemrasyna öwrüljek halal zähmete bolan ukybyny hem artdyrýar. Ýaşlykda öwrenen hünäriň hiç haçan ýadyňdan çykmaýar. Zehiniň kesgir wagty görlen görelde, aýdylan sargyt ömürlik gözleriňde suratlanyp, gulagyňda galýar. Hut şonuň üçin hem ýaş gyzlara saçak bezemek bilen bagly işleri irgözinden öwredip başlamak zerurdyr. Çünki ata-babalarymyzdan gelýän gadymy däp-dessurlarymyz bolan myhman garşylamagy mynasyp dowam etdirmek gyz-gelinleriň borjudyr. Bu hakynda ata-babalarymyz: «Myhman ataňdan uly», «Myhman geler gapydan, rysgy geler sakadan», «Myhmanym — mertebäm...» diýen ýaly aýtgylary hem döredipdirler. Halkymyzda: «Myhman az oturar, köp synlar» diýilýär. Şonuň üçin hem gyz maşgala esasan ýazýan saçagy bilen synlanýar. Häzirki ösen döwrümizde dürli gök we bakja önümlerinden taýýarlanýan işdäaçarlar näçe diýseň bar. Olar biri-birinden tagamly, ýokumly. Işdäaçarlaryň saçaga berýän gelşigi hem aýratyn tapawutly. Süýt önümlerinden gurtdur peýnir edip, sargandyr mesge ýaly peýdaly hem-de biri-birinden ýokumly tagamlary taýýarlap maşgalasyny gyşyn-ýazyn ähli ýokumly önümler bilen üpjün etmegi başarýan gyz-gelinler diňe ta

Täze ýylyň goşa şatlygy

Täze ýyl her bir öýe, her bir ojaga rysgal-bereket, şatlyk getirýär. Türkmenabat şäherinde ýaşaýan Hanyýewleriň maşgalasynda hem bu ajaýyp baýrama uly buýsanç, tolgunma bilen garaşylýar. Çünki mundan 22 ýyl ozal iki ýaş juwan — Akmyrat Hanyýew bilen Sadap Meredowanyň durmuş toýy hut şu baýramçylyk günlerinde tutulypdy. Şondan bäri ençeme aýlar, ýyllar geçdi. Bagtyýar maşgalada on perzent dünýä indi, kemala geldi. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda türkmenistanly sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren eneleriň ençemesi bilen bir hatarda Sadap Meredowa hem «Ene mähri» diýen belent adyň eýesi boldy. Haçan-da Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýy gowşurylanda, bagtyýar enäniň begenç-buýsanjynyň çägi bolmady. Hanyýewleriň maşgalasynda perzent terbiýesine uly üns berilýär. Maşgalabaşy Akmyrat hem-de öý bikesi Sadap çagalarynyň bilimli-sowatly, edep-ekramly, il-günümize wepaly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda irginsiz aladalanýarlar. Edilýän aladalar miwesini hem berýär. Häzirki wagtda bagtyýar ene-atanyň uly gyzy Arzuw, ogly Begenç ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, hünär öwrenýärler. Perzentleriniň kiçileri bolsa orta mekdepde okaýarlar. Bu maşgalanyň agzalary aýdym-sazyň hem çyn muşdaklarydyr. Maşgalabaşy Akmyrat höwesjeň sazanda. Sadap bolsa 1997-nji ýylda welaýat ýörite sungat mekdebini tamamlap, dutar çalmakda ezber sazandalaryň biri hökmünde tanalýar.