Aortokoronar şuntirlemeden soňky ilkinji ýüze çykýan alyn ýürek tirpildemäniň ýygylygynyň çaklamalary
Rejepmyrat ALYÝEW Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana Alyn ýürek tirpildeme (AÝT) aortokoronar şuntirleme (AKŞ) operasiýasyndan soň ýüze çykýan iň köp ýaýran aritmiýa bolup, takmynan, 27-33% ýagdaýda duş gelýär. [1-3]. AÝT iň köp ýaýran ýürek aritmiýasy hasaplanýar we çep garynjygyň zyňyş fraksiýasynyň peselmegine, operasiýadan soňky ýüze çykýan gaýra üzülmelere sebäp bolýar. AÝT-nyň umumy ilat arasynda ýaýramagy 1-2% diýip hasaplanýar [12]. AKŞ bolan näsaglaryň arasynda AÝT keseli has ýokary ýygylykda, takmynan, 25-40% bolýar we AKŞ-dan soňky ölümiň esasy sebäbiniň bolýandygy habar berilýär [11, 13]. Garrylyk, süýjüli diabet, gipertoniýa, öýkeniň dowamly obstruktiw keseli, çep garynjygyň ýetmezçiligi ýaly birnäçe utgaşykly töwekgelçilik sebäpleri bolan näsaglarda emeli gan aýlanyş şertlerinde AKŞ geçirileninden soň, AÝT-nyň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydygy anyklandy [2]. Näsaglar operasiýadan soňky ilkinji 4-5 günüň dowamynda, esasanam, operasiýadan soňky ilkinji 72 sagadyň dowamynda AÝT-nyň döremegine has ýakyndyr [4]. Mundan başga-da, AKŞ-dan soňky ýüze çykýan AÝT tromboemboliýa, böwrek ýetmezçiligi, ýürek ýetmezçiligi, ölüm we hassahanada dowamly bejergi almak ýaly has çylşyrymly ýagdaýlar bilen bilelikde geçýär, näsaglaryň durmuşynyň hiliniň peselmegine we bejerişe çykdajylarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar [5, 6]. AKŞ-dan soň AÝT-ly näsaglarda diri