"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Dertlere derman buýan

Gözel tebigatymyzyň dermanlyk ösümlikleriniň biri bolan buýan halk lukmançylygynda gadymy döwürlerden bäri giňden ulanylyp gelinýär. Ýurdumyzyň çäginde onuň dört görnüşi duş gelip, olar özleriniň himiki düzüminiň, şypalylyk häsiýetleriniň ýokary derejededigi bilen tapawutlanýarlar. Buýanyň süýjüliginiň şekerden 40 esse ýokarydygy sebäpli, onuň köküniň diňe bir bejergi üçin däl, eýsem, konditer önümçiliginde hem giňden ulanylýandygyny bellemek gerek. Bejeriş häsiýetleri boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hasabynda duran dermanlyk ösümlikleriň sanawynda öňdäki bäşlige girýän buýanyň köküniň şiresinden ýurdumyzda melhem çaýlarynyň öndürilýändigi, elbetde, hemmämize mälimdir.

Donorlyk we onuň peýdasy

Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän Watanymyzda her bir adamyň saglygy we onuň durmuş-ýaşaýyş şertleri barada uly aladalar edilýär. Adam hakda döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Sebäbi her bir adam, her bir raýat döwletiň baýlygy, onuň saglygy döwlet üçin örän möhüm saýylýar. «Donor» sözi latynçadan terjime edilende «sowgat bermek, peşgeş bermek» diýen manyny aňladýar. Donorlar öz ganyny çyn kalby bilen beýleki ynsanyň ömrüni halas etmek üçin paýlaşmaga ukyply adamlardyr. Haýsydyr bir tanyş ýa-da nätanyş adama zerur, şeýle tapylgysyz, hiç hili tehnologiýalar arkaly öndürip bolmajak gan we ganyň düzüm böleklerini bermek bilen, donor ynsan ömrüni halas edýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde her bir üçünji adama ömründe gan we onuň düzüm bölekleri zerur bolýar. Aýratyn-da, olar şikes we ýanyk alanlara, çylşyrymly hirurgiýa amallary geçirilmeli näsaglara, gan keselli adamlara, howply täze döreme kesellilere, göwreli zenanlara zerurdyr. Kähalatlarda gan adam ömrüni halas etmekde ýeke-täk serişde bolýar.

Ynsanyň baş baýlygy

Ýurdumyzda adam saglygyny gorap saklamak, ýiti ýokanç kesellere, möwsümleýin döreýän kesellere garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda biziň her birimiz şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmelidiris. Sagdyn bolmak üçin ýeterlik hereketde bolmalydyr, ýagny ýöremek, ylgamak, suwda ýüzmek, welosiped sürmek ýaly sport görnüşleri bilen meşgullanmaly.

Sagdynlygyň sakasy

Dişlerimiziň sagdynlygy bedeniň beýleki agzalarynyň hem sagdyn bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Dişleriň sagdyn bolmagy her kimiň özüne baglydyr. Agzyň nemli bardasynda has köp duş gelýän keselleriň biri bolan stomatit agyz boşlugynyň nemli bardasynyň gaýnaglamasy, zeperlenmesi, ojaklaýyn eroziw ýaralarynyň döremegi bilen ýüze çykýar. Stomatit keseli, esasan hem çagalarda has köp duş gelip, bedeniň immun ulgamynyň peselmegi netijesinde döreýär.

Dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş — saz­la­şyk­ly ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­si

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mej­li­siň do­wa­myn­da mil­li par­la­ment, ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­ma de­giş­li dü­züm­ler, şeý­le-de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň aý­ry-aý­ry pu­dak­la­ry ta­ra­pyn­dan ge­çen bäş aý­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da­ky ha­sa­bat­lar diň­le­nil­di. Ha­sa­bat döw­rün­de je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­niň dur­nuk­ly sak­lan­ýan­dy­gy, 2023-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, şu ýy­lyň ýan­war — maý aý­la­ryn­da je­mi ön­dü­ri­len önü­miň möç­be­ri­niň ar­tan­dy­gy bel­le­nil­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da ka­da­ly önüm­çi­lik ne­ti­je­le­ri ga­za­nyl­dy. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mun­dan beý­läk-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mak­royk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ni dur­nuk­ly sak­la­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Luk­man­çy­lyk klas­te­ri «akyl­ly» şä­he­riň se­na­gat müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji iýunda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Tä­ze şä­he­riň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ne de­giş­li önüm­çi­lik des­ga­la­ryn­da ön­dü­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň, sag­ly­gy go­ra­ýyş en­jam­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri, ola­ry taý­ýar­la­mak­da ula­nyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow ha­sa­bat ber­di. Gör­ke­zi­len şe­kil tas­la­ma­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, ýo­ka­ry eko­lo­gik ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän pa­myk­lar, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň­den ula­nyl­ýan do­kal­ma­dyk ma­ta­dan taý­ýar­la­nan bir ge­zek­lik agyz-bu­run ör­tük­le­ri, baş­gap­lar, ha­lat­lar, ýor­gan-dü­şek daş­lyk­la­ry, aýak­gap ör­tük­le­ri, has­sa­ha­na­lar üçin ze­rur bo­lan dür­li en­jam­la­ryň gör­nüş­le­ri bar.

Sag­dyn daş­ky gur­şaw — aba­dan ýa­şa­ýyş

5-nji iýun­da Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň eda­ra bi­na­syn­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, «Türk­me­nis­tan — eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň me­ka­ny» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de gu­ra­lan fo­ru­ma ýur­du­my­zyň te­bi­ga­ty we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak dü­züm­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, şol san­da BMG-niň, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. On­da Ýer ýü­zün­de dur­nuk­ly ösü­şi we eko­lo­gik howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bi­len berk bag­ly­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça kon­wen­si­ýa­la­ry­nyň on­lar­ça­sy­na go­şu­lan Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­ýär diý­lip bel­le­nil­ýär.

Lukmançylyk klasteri: täze tejribeler, giň mümkinçilikler

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek senagat we önümçilik toplumlarynda, şol sanda lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy halkyň abadançylygy barada edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 8-nji iýunda Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynda garalan meseleler wajyplygy bilen aýratyn ähmiýete eýe boldy. Gürrüň bärde, hususan-da, «akylly» şäherde öndürilmegi meýilleşdirilýän, ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk serişdeleri hem-de saglygy goraýyş enjamlary barada barýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu taslama üçin 100 gektara golaý ýer bölünip berildi. Şeýle hem «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi.

14-nji iýun — Bütindünýä donorlar güni

Ynsan saglygynyň goragynda Ganyň we gan önümleriniň durnukly goruny döretmek, saglygy goraýyş edaralaryny gan önümleri bilen doly üpjün etmek hem-de gan tabşyryjylary höweslendirmek maksady bilen, «Ganyň donorçylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi işjeň donorlaryň sanyny artdyrdy we gan önümleriniň ýeterlik derejede tapylmagyna şert döretdi.

Saglygym — baýlygym

Her ýylyň 14-nji iýunynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Hemmeler üçin howpsuz gan» atly şygary bilen Bütindünýä donorlar güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, welaýat saglygy goraýyş edaralarynda çäreler geçiriler.

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa hem-de ony ýerine ýetirmegiň meýilnamasy boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa laýyklykda, Watanyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamaklaryny gazanmak nukdaýnazaryndan şu düzgünleri berjaý etmek möhümdir : — çagalaryň we ýetginjekleriň iýmitlenişini dogry we talabalaýyk gurnamak;

Tomsuň çogly günlerinde

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde, Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly, dogry berjaý etmelidir. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Möhüm zerurlyk bolmasa, irden sagat 10:00-dan öýlän howanyň salkynlaýan mahalyna — 18:00-a çenli daşary çykmazlyk, möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýinmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin kellä başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär. Şeýle-de günüň dowamynda gerekli mukdarda — 2 — 2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Tomsuň yssy günlerinde açyk meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek maslahat berilýär.

Il saglygy — ýurduň baýlygy

Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanda bu ugurda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, çagalarda köp duş gelýän keselleri irki döwürde anyklamagyň, bejermegiň täze usullary esaslandyryldy. Döwrebap lukmançylyk merkezlerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşleri hödürlenilýär. Merkezlerde ornaşdyrylan öňdebaryjy enjamlar hem bar bolan keselleri irki döwürlerde anyklamaga, iň täsirli bejeriş çärelerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu işde Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa gollanma bolup hyzmat edýär.

Ýiti gün şöhlesinden goranalyň!

Tomus paslynda howanyň derejesiniň gyzmagy netijesinde Günüň şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin hem yssy günlerde daşarda gözegçiliksiz oýnaýan çagalara ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlara Günüň şöhlesiniň ýaramaz täsir etmegi mümkin. Bu ýagdaý daşarda uzak wagtlap, Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilse bolup bilýär. Aslynda, Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini döreýär hem-de sussupesligiň öňüni alýan maddalary emele getirýär. Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, kelle beýniniň gyzmagyna getirýär. Gün urma bolanda kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urgusynyň çaltlaşmagy, demgysma, endam agyrylary, gaýtarma ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Baş alada — halkyň sagatlygy

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri häzirki günlerde iň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda zähmet çekýärler. Ilatyň saglygyny goramak babatynda alnyp barylýan işleriň döwrüň iň ösen talaplaryna laýyk getirilmegi ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň berkarar edilmegine uly goşant goşýar. Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde hem enäniň we çaganyň saglygyny goramakda netijeli işler amala aşyrylýar. Merkezde alnyp barylýan bejergi işleriniň hili lukmanlaryň iş tejribesini artdyrmaklary esasynda has-da ýokarlanýar. Ýaňy-ýakynda bu ýerde but süňkünde kemçiligi bolan çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça ilkinji sapar geçirilen operasiýa ýokary üstünliklere beslendi. Şowly geçirilen operasiýanyň netijesinde şeýle näsag ýöremek ukyplaryna eýe boldy. Munuň özi welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň taryhy ädimidir. Biz bu operasiýany ilkinji bolup ýerine ýetiren merkeziň trawmatolog-ortoped lukmany Pirguly Pirkulyýew bilen söhbetdeş bolduk.

Gözleriň goragynda

Dünýä alymlarynyň belleýişlerine görä, aglamagyň ähmiýeti gülmegiňkiden artyk bolmasa, kem däldir. Aglamak agyr duýgulary yzarlaýar. Bu, umuman, birahatlykdyr, emma käte şatlykdyr gülki gözýaşlary hem bolup biler. Ýelli, sowuk howada ýa-da sogan dogralanda, adamyň gözünden akan gözýaş onuň kalbyny çuň duýgular gurşap alan mahalky gözlerinden syzylyp çykan gözýaş bilen deň däldir. Olar biri-birinden tapawutlydyr. Şeýle gözýaşlaryň gormonal we himiki düzümi-de üýtgeşikdir. Geçirilen barlaglaryň netijesinde gözýaşyň düzüminde gaýgy-hasrata we agyra garşy çydamlylygy artdyrýan endorfin gormonynyň, bedendäki ruhy sarsgynyň başda peýda bolýan alamatlarynyň biri bolan ASTN we prolaktin gormonlarynyň bardygy ýüze çykaryldy. Olar adamyň dem alyş ulgamy we içki tolgunmasy bilen berk baglanyşyklydyr. Adam aglaýarka, bedeninde az-kem ýadawlyk peýda bolýar, emma soňra özüni biraz rahat duýýar, ünjüsi egsilýär. Barlaglar duýgy gözýaşlarynyň ruhy sarsgyn zerarly bedene ornan käbir zyýanly maddalary daşary çykarmaga täsir edýändigini görkezýär.

Gün urmadan goranyň!

Tomus paslynda her birimiz Gün urmadan goranmalydyrys. Bu döwürde Gün şöhlesiniň ýitiligi sebäpli Gün urma, deri we dürli ýokanç keseliniň ýüze çykmagy ahmal. Bu pasylda açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmeli. Arassa agyz suwy bedeniň talabyna laýyk kabul edilmeli. Günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suwuklygy, ýagny, miwe şiresini, gaýnatmalary, çaýy, arassa agyz suwuny, limon garylan suwy ýa-da itburundan taýýarlanylan melhemleri içmeli.

Dişler aýalsa gowy

Adamyň tebigy gözelliginde dişleriň hem uly paýy bardyr. Gürläniňde, güleniňde owadan hem-de endigan görünýän dişler keşbiňe aýratyn gözellik berýär. Dişleriň sagdyn bolmagyny gazanmak özümize baglydyr. Dişiňde gaty zatlary döwmek ýa-da süýjülikleri yzygiderli iýmek bolmaýar. Şeýle-de iýmiti gyzgyn hem-de sowuk görnüşlerinde kabul etmek dişlerimize örän uly zyýanyny ýetirýär. Edil häzirki günlerde hem yssy howada daşardan gyzyp gelip, sowuk suw içmek ýa-da önümleri kabul etmek dişlerimiziň zaýalanmagyna getirýär. Çilim çekmek, nas atmak ýaly zyýanly endikler hem dişleriň saralyp, wagtyndan öň dökülmegine sebäp bolýar.

Saglyk uly baýlykdyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglygy hakynda uly aladalar edilýär. Ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini, zyýanly pişelerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Çünki ähli ösüşleriň, rowaçlyklaryň gözbaşy jan saglygydyr. Çilim çekmek, spirtli içgileri içmek ýaly ýaramaz pişeler bolsa ynsan saglygyna düýpli zeper ýetirýär. Zyýanly endikler bedende çiş keseliniň döremegine getirýär. Yzygiderli emeli usul arkaly gyjyndyrylma sezewar bolýan aşgazan şiresini işläp çykarýan mäzleriň işleýşi gowşaýar. Olaryň şire işläp çykaryşy ýa-da şiresiniň turşulygy azalýar. Bu bolsa iýmitiň haýal siňmegine getirýär. Şeýle ýagdaýlaryň yzygiderli gaýtalanmagy netijesinde aşgazan ýarasy (gastrit) döreýär. Wagtyň geçmegi bilen aşgazan ýarasynyň çiş keseline öwrülmegi mümkin. Çiş keselleriniň 2—5 göteriminiň hut aşgazan ýarasynyň netijesinde döreýändigini alymlaryň barlagy görkezdi. Ynsan bedeniniň ýene bir wajyp agzasy bolan gyzylödekde çiş keseliniň döremegine getirýän esasy sebäpleriň biri-de spirtli içgileri içmek ýaly ýaramaz endik bilen baglanyşyklydyr. Spirtli içgiler bagryň işleýşine ýaramaz täsir edýär. Bagryň esasy wezipesi bedende döreýän ýa-da bedene daşdan düşýän zäherli maddalary z

Milli bähbitlerimizi nazarlap

«Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň hemişe-de iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu şeýle bolmagynda galýar» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýerli çig mal serişdeleri bilen bagly alnyp barylýan işler barada degişli hasabatlary diňledi. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan dürli enjamlaryň görnüşleri bar. Şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanýan möçberleri baradaky maglumatla