Geçmişiň geljek nukdaýnazaryndan beýany
Kitap — geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri. Bu gadymy dünýäniň hakyda barlygyny hasyl edýän ençeme subutnamalar bar. Ynsan eli bilen gurlan binalaryň, döredilen medeniýetleriň ählisi, gynansak-da, maddy subutnama görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetmändir. Ýöne her milletde öz aslynyň çuňluklaryna göz ýetirmäge gyzyklanma uly. Ol oňa ata-babalarynyň ganyndan geçýär. Gan bilen geçýän, nesil yzarlaýan zatlara bolsa müňýyllyklar hem täsir etmeýär. Millete öz aslyna ylmy taýdan göz ýetirmekde taryh kömege gelýär. Beýleki ylymlardan tapawutlylykda, wakalary yzyna gaýtaryp, synagdan geçirip bolmaýandygy üçin bu ylym wakalary öz islegiňe görä taraşlaman, döwrüň hakyky ýagdaýyndan ugur alyp, adalatly, hakyky bolşunda beýan etmegi talap edýär. Başda nygtalyşy ýaly, adamzadyň döreden ähli medeniýeti maddy subutnama hökmünde biziň üçin elýeterli däl. Heňňamlar dolanyp, döwürler döndügiçe, olara Wagt diýen «aždarha» öz hökümini ýöredýär — käbiri uruşlar, dawa-jeňler zerarly ynsan eli bilen ýumrulsa, galany tebigy hadysalaryň netijesinde Ýer üstünden Zeminiň astyna garyşyp gidýär. Ýöne ynsan kowmy öz bilesigelijiligi bilen topraga garyşan gymmatlyklary yzyna çykaryp, ikinji ömür berip, gaýtadan «gürledip», taryhy hakydanyň uşlybyny çöşlemäge ýardam berjek ylmy — arheologiýany döretdi. Taryh ylmynyň kömekçi ulgamy saýylýan bu ylma daýanmazdan, geçmişiň syrly sahypalaryny di