"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ýü­pek­çi­li­giň ga­dy­my oja­gy

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda «Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir» diýip belleýär. Bu bolsa Merwde ýüpekçiligiň ýokary derejede ösendigini görkezýär. Arheologik tapyndylardan belli bolşy ýaly, 5000 ýyl mundan ozal Hytaýda çig ýüpekden dürli matalar öndürilipdir. Adamzada belli bolan ýüpek matalarynyň iň gadymy nusgalary Hytaý arheologlary tarapyndan Henan welaýatynyň Sintaý obasynyň golaýyndaky düşelgede tapylyp, olaryň ýaşy 5500 ýyla barabardyr.

Asyr­la­ryň ýa­ňy — döw­rü­mi­ziň şöh­rat-şa­ny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy, baý medeni mirasyny, etnografiýa gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, arheologiýa ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmek, olary geljek nesiller üçin gorap saklamak, giňden wagyz etmek maksadynda, şeýle hem gözel Diýarymyzda ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärliklere, täsin tebigy künjeklere daşary ýurtly we ýerli syýahatçylary çekmekde asyrlara ýaň saljak toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda taryhy-medeni baýlyklarymyzy gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmek hem-de olaryň aýratynlyklaryny bütin dünýäde wagyz etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde tassyklan Karary esasynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde giň gerimli işler gyzgalaňly durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwrenmekde, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny wagyz etmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary ýolgörkeziji bolup durýar. Hut şu eserlerde beýan edilen taglymatlara esaslanyp, häzirki wagtda «Medeniýet hakyndaky», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakyndaky», «Muzeýler we muzeý işi

Abu Aly ibn Sinanyň çagalygy

Abu Aly Al-Hüseýin ibn Abdallah ibn Al-Hasan ibn Aly ibn Sina 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçen dünýä belli alymdyr. «Sina» sözi «dür deşiji» diýmegi aňladýar. Gündogar ýurtlarynda «Lukman Hekim» ady bilen tanalýar. Günbatarda onuň adynyň ahyrky «ibn Sina» bölegi ýoýlup, «Awensina» — «Awisenna» öwrülipdir. Buharanyň Afşana obasynda doglan Ibn Sina çagalykdan ýatkeş, düşbi, başarjaň, zehinli bolupdyr. Ibn Sina kakasyna diňe kitap sowgat bermegini haýyş edipdir. Mümkinçiligi boldugyndan şol döwürlerde belli bolan kitaplary satyn alyp, özbaşdak köp okapdyr, lukmançylygy, matematikany, fizikany, hukugy, filosofiýany, astronomiýany, geografiýany we beýleki ylymlary çynlakaý öwrenipdir. Bu bolsa onuň dünýä belli alym bolup ýetişmegine itergi beripdir. Ibn Sina Buharada bilim alyp, şol ýerde hem ilkinji lukmançylyk işine başlapdyr. Ol Buharanyň hökümdary syrkawlanda, köşkdäki tebiplerden hem ökde çykyp, ony birkemsiz bejeripdir. Şonda hökümdar: «Saňa islän zadyňy sowgat berjek» diýipdir. Ýaşajyk Hüseýin hiç bir sowgadyň gerek däldigini, onuň ýerine Buharanyň baý kitaphanasyndaky kitaplary okamaga rugsat bermegini sorapdyr. Şeýdip, ibn Sina özüniň bilim ýüküni has-da baýlaşdyrýar. Ol 22 ýaşynda Buhara göçüp barandan soňra, Gündogaryň belli alymlary, beýik danalary bilen, aýratyn hem, beýik alym Abu Reýhan al Biruny bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ibn Sina Köneürgenç, P

Gadymy medeniýetiň ojagy

Köneürgenç şäheri türkmen halkynyň we bütin dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Köneürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty Gürgenç şäheriniň galyndylarynyň ýanynda gurlan häzirki zaman şäheridir. ХV asyrdan soňra Gürgenç şäheriniň eteginden akýan Amyderýanyň akymynyň ugry üýtgäp, paýtagt Hywa şäherine göçürilýär. Gürgenjiň soňky wagtda Köneürgenç diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi özünden 190 kilometr uzaklykda Ürgenç ady bilen ýene bir şäher gurulýar. Häzirki Horezm welaýatynyň merkezine öwrülen bu şäher Täze Ürgenç, Gürgenç bolsa Köneürgenç diýlip başlanýar.

Seljuk soltanlary

Dowamy. başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda. Ömür beýany4.

Şöhratly taryhyň goýnunda

Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň arasynda özboluşly köpriniň hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Türkmen halkynyň gojaman taryhynda öçmejek yz galdyran, gadymy we orta asyr ýurtlaryň territorial araçäkleri, ýerleşýän ýerleriniň taryhy, arheologlar, gündogary öwreniji alymlar tarapyndan döwürlere bölüp öwrenildi. Alymlar tarapyndan öwrenilen ylmy-barlag işleriniň arasynda, orta asyr Horasanyň ýerlerinde ýerleşen Ariýa ýurdy baradaky taryhy maglumatlar, gadymy-antiki we orta asyr medeni we syýasy ösüşleri bilen berk baglanyşykly bolup, sebitiň çäk ýerleriniň taryhyny öz içine alýar. Taryhy nukdaý nazardan seredenimizde, orta asyr Horasanyň sähraýy ýerlerinde ýerleşen, gadymy Ariýa ýurdy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň taryhynyň bir ülşi bolup durýar. Bu geografiki ýerleriň taryhyny ilkinji bolup görnükli gündogarşynaslar we arheologlar W. A. Žukowskiý, ­W. W. Bartold, A. Ý. Ýakubowskiý, W. M. Masson, I. N. Hlopin, Ý. Ý. Kuzmina, H. Ýusubow we Ö. Gündogdyýew tarapyndan öwrenilip, ylmy esasda beýan edildi.

Nebit we nebit önümleriniň gelip çykyşy

Nebit, tebigy gaz we gaz kondensaty diňe ýangyç serişdeleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm himiki önümleri almak üçin hem gymmatly çig mal bolup durýar. Ýurdumyzda nebit we gaz ýataklarynyň, baý gorlarynyň tapylmagy aýratyn bellärliklidir. Hakykatdan hem, haýsy bir zat hakynda ýazsaň ilki onuň gelip çykyşy, alnyşy, öndürilişi barada gyzyklanýarsyň we birnäçe soraglara ýüzlenýärsiň. Nebitiň gelip çykyşy, çykarylyşy, olar baradaky maglumatlara köp sanly çaklamalarda, alymlaryň ýazgylarynda gabat gelmek bolýar. Bu dogrusynda, sözümiz gury bolmaz ýaly, nebit önümleriniň maglumatlarynyň birnäçesi bilen tanşyp geçsek has ýerlikli bolardy. Elbetde, nebitiň emele gelşi barada çap edilen edebiýat maglumatlarynda, internet sahypalarynda şeýle beýan edilýär, ýagny amerikaly alym R.A.Rusbro wazelin oýlap tapýar. Wazelin we serezin parafinden alynýan nebit önümleri bolup, ol 1871-nji ýylda ýüze çykarylýar. Beýleki bir maglumatlara görä, belli himik alymy D.I.Mendeleýew amerikaly alym Awram Gasneriň daşkömürden «ýagtylyk ýagy» diýip at beren önümine 1846-njy ýylda «kerosen oýl» (kerosinli ýag) diýip at berýär. Bu ýangyç, mälim bolşy ýaly, XIX asyryň 50-nji ýyllaryndan soň «kerosin» diýlip atlandyrylyp başlanýar, ýagny ony yşyk hökmünde çyralara guýup hem ulanypdyrlar. 1732-nji ýylda rus akademigi I.W.Weýtbreht adamlary we haýwanlary käbir kesellerden bejermekde nebiti ulanmak ba

Berk binýatly sütünler

Jaýyň esasy diregi, daýanjy ýa-da bezeg üçin dikeldilen desga hökmünde häsiýetlendirilýän sütüniň türkmen dilinde dürlüçe atlandyrylyşy bar. Olaryň has giň ýaýrany bolsa «öre» sözüdir. «Sütün, direg» manysyndaky bu söz «ör» kökünden we at ýasaýjy «e» goşulmasyndan emele gelýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň günbatar sebitinde ýelkeni berkitmek üçin gämide dik oturdylýan sütüniň «bogaldak», Daşoguz welaýatynda jykyryň suw çykarýan çarhyny saklamak üçin dikilýän ýogyn sütün agajyň «ýanöre» ýaly atlandyrylyşyna-da duş gelýäris. Milli binagärlik sungatynda sütünleri ulanmak tejribesiniň özboluşly ösüş taryhy bar. Ylmy-barlag işleriniň netijesinde, taryhy-medeni ýadygärliklerden ýüze çykarylan sütünleriň iň gadymy we görnükli nusgalary Nusaý galalaryndan tapyldy.

Şahsyýetlere şan şäher

Geçmişde öçmejek yz galdyran merdana pederlerimiziň adyny ebedileşdirmek, olaryň geçen şöhratly ýoluny geljekki nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan asylly işleriň biridir. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy munuň buýsandyryjy subutnamasydyr. Halkara atçylyk akademiýasyna meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy hem-de şäheriň çäginde ýerleşýän Aba Annaýew obasyna şäherçe derejesiniň berilmegi öz hünäriniň çyn eýesi bolan şahsyýete il-halkynyň hormatyndan nyşandyr.

Watançy alym

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy» ýubileý medalynyň eýesi, taryh ylymlarynyň doktory, professor Roza Bazarowanyň ýurdumyzyň we halkymyzyň öňünde bitiren işleri ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Ol 1933-nji ýylyň 23-nji iýulynda Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde dogulýar. Orta mekdepde oňat bahalar bilen okaýar. Aýratyn-da, matematikany gowy özleşdirýär. Roza 1948-nji ýylda Aşgabadyň pedagogik institutynda okap ýörkä, bu ýerde eýmenç ýertitremesindäki pajygaly günleri başdan geçirýär. Bu tebigy heläkçilik sebäpli, ol Çärjewdäki (häzirki Türkmenabat) Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuwyny dowam etdirmeli bolýar. Soňra 1952-nji ýylda pedagogik institutyň maksatnamasy boýunça Aşgabatda döredilen M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. Şol ýyl hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky aspirantura kabul edilýär we üç ýyldan soň «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistanyň ýaşlarynyň watançylygy» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.

Görküm, zynatym meniň

Milli lybaslarymyz, däp-dessurlarymyz halkymyzyň durmuş ýörelgesini häsiýetlendirýän maddy hem ruhy medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Gelin-gyzlarymyzy bezeýän, olaryň gözelligine gözellik goşýan ajaýyp lybaslarymyz dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan milli matalarymyzdan taýýarlanylýar. Çeper elli zenanlar olardan çyrpy, gyrmyzy don, gyňaç, gültahýa, akgaýma tahýa, gursakça ýaly birnäçe egin-eşikleri tikip taýýarlaýarlar. Türkmen pähiminde: «Görk agyzdan, görmek eginden» diýilýär. Geýeniňde gelşik berýän milli lybaslarymyzy biçmek, tikmek, nagyşlamak hem sungatdyr. Milli nagyşlar özboluşly bolup, ol lybaslaryň görküni artdyrýar. Geçmiş taryhymyzda ene-mamalarymyz ýüpek sapaklarynyň lowurdysy gözüň ýagyny iýip barýan kürtelere, çabytlara, tahýalara, ýakalara salynýan «para», «çaňňa», «tegbent», «kürtegoçak», «gülýaýdy», «erikgül», «goçkelle», «sekizkeşde» ýaly nagyşlary döredipdirler. Milli lybaslaryň hersiniň döreýiş taryhy bar. Gyrmyzy donuň döreýşi baradaky rowaýatda şeýle diýilýär: «Gadym döwürde türkmen obalarynyň birinde ýaşaýan bir adamyň dört ogly, bir gyzy bolupdyr. Erkek doganlary gyz uýasyny gaty gowy görer ekenler. Gyz asylly maşgalada ösüp-ulalansoň, edepli, sada, eli çeper bolup ýetişýär. Ýöne oglanlaryň arasynda bolup, olaryň edýän işlerinden-de habarly bolupdyr.

Änew: ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň taryhyndan

Aşgabadyň gündogarynda ХVIII-ХIХ asyra degişli köne Änew diýlip atlandyrylan kiçeňräk şäherçäniň galyndylary ХХ asyryň ortalaryna çenli saklanyp galypdyr. Köne Änewiň ýaşaýyş jaýlary meýilleşdirilişiniň örän ýönekeýligi bilen tapawutlanypdyr. Arheologik we etnografik barlaglaryň maglumatlaryna görä, ol jaýlar bir otagdan, seýrek ýagdaýda iki-üç otagdan ybarat bolupdyr. Binagär alym A.Esenow: «Bu ýerdäki ýaşaýyş jaýlary öz binagärlik gurluşynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Has giň ýaýran, 10 — 20 metr meýdanly, bir otagly jaýlar bilen bir hatarda, köp otagly (iki-üç otagly) jaýlar hem duş gelýär. Änewde we onuň töweregindäki obalarda ýaşaýyş jaýlarynyň iň ýönekeý görnüşi bolan bir otagly, ojagy howluda ýerleşen jaýlar giň ýaýrapdyr. Olarda eýwanyň deregine jaýyň öňünden 40 — 60 santimetr beýiklikde, toprakdan açyk meýdança döredilipdir we ol dynç almak, gije daşarda ýatmak üçin peýdalanylypdyr. Halk arasynda oňa seki ýa-da supa diýilýär. Supa käbir ýerde jaýa degrilip, käbir ýerlerde bolsa ondan birneme daşrakda edilipdir» diýip, bu pikiri tassyklaýar. Gündogary öwreniji alym W.G.Moskowanyň pikirine görä, golaý-goltumda tokaýlaryň bolmazlygy gurluşykda agaç önümleriniň örän çäkli bolmagyna we ýaşaýyş jaýlarynyň, hojalyk gurluşyklarynyň göwrümine gös-göni täsir edipdir. Diwarlaryň örän galyňlygy, ýagty düşýän deşikleriň asla bolmazlygy bu jaýlary yssydan gowy gorapdy

Seýitjemaleddin metjidi (Şöhratly taryh)

Mähriban çagalar, dünýä medeniýetiniň ajaýyp bölegine öwrülen Türkmenistanyň ýadygärlikleri dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Şeýle ýadygärlikleriň biri-de gadymy Seýitjemaleddin metjididir. Bu ýadygärlik dört desgadan — metjitden, onuň öňündäki kümmetiň üstündäki binadan hem-de beýik gümmezli iki sany jaýdan ybaratdyr. «Seýitjemaleddin metjidi» ady bilen belli bolan bu ymarat 17 otagdan ybarat bolup, onuň merkezinde üsti gümmezli, her tarapy 10,5 metre barabar bolan otag ýerleşipdir. Otagyň diwarlary üç bölege bölünipdir. Metjidiň demirgazyk tarapdan howlusyna çykylýan giň eýwan bolupdyr.

Azal başy bereket

Geçmişde topragy kadaly işläp bejermek üçin ýönekeý, ujy ýiteldilen taýak, daşdan ýasalan zähmet gurallary oýlanyp tapylypdyr. Gadymy Marguş medeniýetine degişli ýadygärlikleriň çäklerinde arheologiýa gazuw-agtaryş işleri geçirilende, bürünçden ýasalan zähmet gurallary ýüze çykarylýar. Olaryň arasynda uzynlygy bary-ýogy 7 santimetr bolan täsin tapyndy bar. Ol tapyndynyň agaç azala dakylan gurala meňzeşdigi mälim edildi. A.A.Maruşenkonyň beýan etmegine görä, Günorta Türkmenistanda biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda metalyň giň ýaýrama eýe bolmagy bilen, azal iş ýüzünde doly peýdalanylyp başlanypdyr. Azalyň oýlanyp tapylmagy biziň eýýamymyzdan öňki VI—V müňýyllyklara gabat gelýär. Ekerançylygyň özleşdirilmegi azalyň gadymdan bäri ulanylyp gelnendigine we zähmet bölünişiginiň ýüze çykmagyna täsir edendigine güwä geçýär. Dünýä halklarynyň köpüsinde we şol sanda türkmenleriň ata-babalarynyň ekerançylyk medeniýetinde ýeri ýönekeý zähmet guralynda işläp bejermek, sürmek, agdarmak tejribesi ösdürilipdir. Ol wagtlar ekerançylyk ýerleri azal guralynda işlenipdir. Etnografiýa maglumatlaryna görä, XIX asyryň aýagynda, XX asyryň başlarynda topragy ýönekeý görnüşde azal bilen işlemek has-da ýörgünli bolupdyr. Ekerançylyk bilen meşgullanan pederlerimiz azal guralyndan peýdalanypdyrlar. Azal topragyň çuň we göwnelaýyk sürülmegine oňaýly ýardam edipdir.

Nusgawy şahyr we beýik akyldar

XVIII asyrda ýaşan türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragy beýik şahsyýetleriň biridir. Ol öz halkynyň geljegini takyk aýdyp bilipdir. Onuň ykbaly tutuş türkmen halkynyň, il-ulsunyň täleýi bilen kybapdaşdyr. Nusgawy şahyr türkmen halkynyň häsiýetini, adatlaryny, däp-dessurlaryny, ruhy dünýäsini gowy bilipdir. Olary öz döredijiliginde ussatlarça ulanyp, halka ýetirmegi başarypdyr. Bu gün Magtymguly Pyragynyň ady diňe bir Gündogar halklarynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň nusgawy şahyrlary, beýik akyldarlary, pelsepeçileri bilen deň derejede tutulýar we uly hormat bilen ýatlanylýar. Şahyr ýaşlygyndan obadaky kiçiräk dini mekdepde kakasyndan, soňra şol ýerdäki metjidiň ymamyndan ders alypdyr. Ol ýatkeşligi we zehini bilen deň-duşlaryndan tapawutlanypdyr. Arap we pars dillerini gowy öwrenmegi kakasynyň köp ýyllaryň dowamynda ýygnap goýan kitaplaryny okamaga, gözýetiminiň giňelmegine, has durnukly bilim almagyna oňaýly täsir edipdir. Magtymguly ýaşlygyndan mukaddes «Gurhany» we hadyslary gowy öwrenipdir, ýatdan aýdyp bilipdir. Goşgy ýazmaga höwesli bolupdyr. Magtymgulynyň doganlary Abdylla bilen Muhammetsapa pajygaly ýagdaýda wepat bolupdyr. 

Milli binagärligiň buýsançly eserleri

Ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna ser salsaň, onuň her künjegine degişli maglumatlar, özboluşly binagärlik aýratynlyklary ünsi çekýär. Saklanyp galan maglumatlara görä, şäher esaslandyrylandan soňra şähergurluşyk meýilnamasy boýunça ilkinji iri köçeleriň biri Merw prospekti bolupdyr. Ilki «Merw» diýlip atlandyrylan bu uzyn köçä 1897-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçysy general Kuropatkiniň ady dakylýar. Sowet häkimiýeti döwründe ol «Swoboda» prospekti diýlip üýtgedilýär. Häzirki wagtda bu gözel köçe türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň adyny göterýän Magtymguly şaýoludyr. Ol şäheriň demirgazyk-günbataryndan günorta-gündogara tarap uzaýan, iň irki we esasy şaýollaryň biridir. Aşgabadyň ilkinji köçeleri 1887-nji ýyldan abadanlaşdyrylyp başlanýar. Esasan-da, Merw prospekti we Annenkow köçesi şossä (ulag gatnawy üçin berk emeli gatlakly we gapdallarynda suw akdyrmak üçin ýapjagazlar bolan ýol) öwrülipdir. Ýanaşyk köçelere daş, ýanýodalara bişen kerpiç düşelipdir. Ýollaryň saýaly bolmagy üçin ýaplaryň boýuna agaç ekilipdir. Häzirki «Aşgabat» seýilgähiniň (öňki ady «Jemgyýetçilik bagy») düýbi hem şol ýyllarda tutulypdyr.

Bedew söhbeti

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Boz duman aýakly, bezbent toýnakly

Täze tapyndy

“Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasy Ruhubelent, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndaky ýadygärlikleriň saklanylyşyny gözden geçirmek, tehniki ýagdaýlaryny anyklamak, taryhy gorag çelgilerini gözden geçirmek we olary surata düşürmek maksady bilen, iş saparyny gurady. Iş saparynyň dowamynda Ruhubelent etrabynyň Şagadam  geňeşliginde ýerleşýän Gaňňa I ýadygärliginden keramikadan taýýarlanan ikbaş tapyldy. Tapyndy Daşmetjit halk hünärleri muzeýine tabşyryldy. Öňki döwürlerde ikbaşlary toýundan, keramika gaplarynyň diwarynyň döwük böleklerinden, daşdan, balykgulakdan we süňkden kesip, käwagtlar bürünçden guýup ýasapdyrlar. Daşdan ýasalan ikbaşlar ýasy, tegelek görnüşde bolupdyr, süňkden seýrek ýasalypdyr. Toýundan ýasalan ikbaşlar ýasy we süýri görnüşinde bolupdyr. Daş we toýun ikbaşlaryň ýüzüne nagyşlar, göni we tolkun, tegelek, atanak çyzyklar çekilipdir. Ikbaşlar çukurjyklar bilen bezelip, käbirleri bolsa nagyşsyz görnüşindedir. Ikbaşlarda duş gelýän üçburçluk, göni we tolkun çyzyklar, atanak şekilli görnüşler hasyllylygy we abadançylygy aňladypdyr. Ikbaşlary dört bölege bölýän çyzyklar pasyllary ýa-da dünýäniň dört tarapyny aňladypdyr.

Seljuk soltanlary

Dowamy. başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda. Ömür beýany

Ga­dy­my Merwde ýa­şan alym­lar

Jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň kuw­wat­ly güý­ji hök­mün­de ylym ul­ga­my ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yl­my ösüş­le­ri ýur­du­my­zy dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na çy­kar­ma­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de kes­git­le­ýär. Bu gün­ki gün Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len halkymyzyň şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenilýär. Ga­dy­my Merw top­ra­gyn­da hem dür­li dö­wür­ler­de alym­la­ryň en­çe­me­si ýa­şap­dyr, iş­läp­dir we ma­te­ma­ti­ka, ast­ro­no­mi­ýa hem-de beý­le­ki ylym­la­ra de­giş­li en­çe­me açyş­lar edip­dir­ler. Bu alym­la­ryň ýa­zan ki­tap­la­ry dün­ýä yl­my­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na öw­rül­di. Ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­da be­ýan edi­li­şi ýa­ly, XI—XII asyr­lar­da ylym­da uly ösüş­ler ga­za­ny­lyp­dyr. Bel­li rus aly­my Ý.E.Ber­tel­siň ýaz­ma­gy­na gö­rä, Sel­juk sol­tan­la­ry­nyň döw­rün­de ýurt­da baý me­de­ni dur­muş dö­re­di­lip­dir, ol bol­sa bü­tin dün­ýä­niň me­de­ni­ýe­ti­niň ös­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Şeý­le alym­la­ryň bi­ri hem Omar Haý­ýam­dyr. Omar Haý­ýam Ho­rez­mi­niň, Fa­ra­by­nyň, Bi­ru­ny­nyň, Ibn Si­na­nyň, ga­dy­my grek alym­la­ry­nyň eser­le­ri­ni ürç edip öw­re­nip­dir. Ol ma­te­ma­ti­ka bo­ýun­ça üç sa­ny yl­my iş­le­ri ýa­zyp­dyr.