"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Meý­le­tin­çi­ler hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Paý­tag­ty­myz­da 23 — 28-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de gu­ral­ma­gy üçin ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp ýaş­la­ryn­dan saý­la­nyp al­nan meý­le­tin­çi­ler öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de alyp bar­dy­lar.

«De­ňiz­çi» — Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Türk­me­nis­ta­nyň Naý­ba­şy fut­zal li­ga­syn­da möw­süm ta­mam­lan­dy. Onuň ne­ti­je­sin­de soň­ky, ýag­ny 21-nji tap­gyr­da «Mig­ra­si­ýa» to­pa­ryn­dan 5:2 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan «De­ňiz­çi» çem­pio­na­tyň al­tyn me­da­ly­na eýe bol­dy. «Kö­pet­dag» çem­pio­na­ty ikin­ji orun­da ta­mam­la­dy. Soň­ky tap­gyr­da «Tu­ran­dan» 3:1 ha­sa­byn­da ut­la­nam bol­sa, «Güm­rük­çi» to­pa­ry çem­pio­na­tyň bü­rünç me­da­ly­ny ga­zan­dy.

Adaty karate boýunça türkmen türgenleri dünýä çempionatynyň 15 medalyna eýe boldy

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Türkmen türgenleri Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen fudokan adaty karate boýunça dünýä çempionatynda hem-de kadetleriň arasyndaky Dünýä kubogynda çykyş etdiler. 23 — 27-nji noýabrda geçirilen ýaryş türkmen karateçilerine uly üstünlikleri getirdi. Ildeşlerimiz 15 medala eýe boldular. Şolaryň 7-si altyn, 2-si kümüş, 6-sy bolsa bürünç medallardyr.

Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty: ­habarlar, wakalar, pursatlar

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 «Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň gol­lan­ma­sy» at­ly ki­tap­ça taý­ýar­la­nyl­dy

Hasyl bolan arzuw

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemlän ýaryş şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň toparyna ilkinji altyn medaly Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) getirdi. Ol çärýek finalda hindistanly Snehal Rameş Kawareden, ýarym finalda eýranly Tahera Azarpeýwanddan, finalda bolsa Hytaý Taýpeýinden gelen Wan Tin Liden üstün çykdy. Bu agramda Wan Tin Li kümüş medala, eýranly Tahera Azarpeýwand we Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagy astynda çykyş eden russiýaly Wladlena Gusewa bürünç medala mynasyp boldular. – Ýaryşa ýokary derejede taýýarlandyk. Bize munuň üçin uly mümkinçiliker, şertler döredildi. Esasy bellemeli zat bolsa, biz Arkadag şäherinde hem ýokary derejeli taýýarlyk geçdik. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen eziz Diýarymyz sportuň güýçli depginde ösdürilýän ýurduna öwrüldi – diýip, Dinara ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

Dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum

29-njy noýabrda Aşgabatdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mediaforumda çykyş eden Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman ýygnananlary dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Meýletinçileriň ýardamy

23 – 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi. Bu ýaryşda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 300-e golaýy meýletinçiler hökmünde gatnaşdy. Ýaryşa taýýarlyk döwründe meýletinçiler bilen degişli okuwlar geçirilip, olaryň her biriniň etmeli işleri kesgitlenildi. Guramaçylygyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, meýletinçileri taýýarlamakda hem halkara tejribesinden ugur alyndy.

Halkara ýaryşyň kümüş medaly

Halkara ussatlyga ýeten türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew Hytaýyň Sinhuandao şäherinde geçen «Ýol we guşak» atly üçünji açyk halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy. Ýaryşa birnäçe ýurtdan 27 küştçi gatnaşdy. Olaryň 8-si grossmeýster, 6-sy halkara ussat we 2-si FIDE-niň ussadydyr. Saparmyrat Atabaýew öz döwleriniň dördüsini ýeňiş bilen jemläp, mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk toplady. Ildeşimiz ýaryşyň ikinji tapgyrynda şu abraýly bäsleşikde ýeňiş gazanan hytaýly küştçi Huang Renjini ýeňlişe sezewar etdi. Ýeri gelende bellesek, ýerli türgen Saparmyratdan asgyn geleninden soň grossmeýsterleri yzly-yzyna ýeňdi we 7 utuk toplady.

Ring güýçlüleri saýlady

Golaýda Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň Sport köşgünde Wiktor Liwensewiň ýadygärligine bagyşlanan boks boýunça XX halkara ýaryşy geçirildi. Ýaryşa Türkmenistandan, Belarusdan, Russiýadan, Täjigistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Hytaýdan hem-de Kongodan güýçli türgenler gatnaşdylar. Türkmen türgenleri bu ýaryşda 5 medal — 1 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar. 71 kilogram agram derejesinde Baýram Nurmuhammedow altyn medala eýe boldy we ýaryşyň iň gowy türgeni diýlip yglan edildi. Saparmyrat Ödäýew (63,5 kg) hem-de Nurýagdy Nurýagdyýew (80 kg) kümüş medallara mynasyp boldular. Guwanç Ahmedow (57 kg) bilen Muhammet Babaýew (75 kg) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldiler.  Ýeňijileri ýaryşa Tenilbek Jumakulow hem-de Ýazmuhammet Pazzyýew dagy taýýarlady.

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň jemleýji, 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Netijede, «Migrasiýadan» 5:2 hasabynda üstün çykan «Deňizçi» topary çempionlyk derejesini gazandy. Çempionatyň dowamynda 51 utuk toplan «Köpetdag» topary ýaryş tertibini ikinji orunda jemledi. «Gümrükçi» «Turandan» 3:1 hasabynda utulandygyna garamazdan, çempionaty üçünji orunda tamamlady. «Senagatbank» topary TNGIZT-den 5:4 hasabynda üstün çykdy.

Mergenlik mekdebi

Gyrgyz Respublikasynda ýaý atmak boýunça «Grand prix Bishkek» atly halkara ýaryş tamamlandy. Bu ýaryşa birnäçe ýurtdan türgenleriň onlarçasy gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşyň 12 medalyna eýe boldy. Şolaryň 6-sy altyn, 3-si kümüş we 3-si bürünç medallardyr.

Türkmen karateçileriniň üstünlikleri

Türkmen türgenleri Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen fudokan adaty karate boýunça dünýä çempionatynda hem-de kadetleriň arasyndaky Dünýä kubogynda çykyş etdiler. 23 — 27-nji noýabrda geçirilen ýaryşa 43 ýurtdan iň güýçli karateçiler gatnaşdylar. Ildeşlerimiz 15 medala eýe boldular. Şolaryň 7-si altyn, 2-si kümüş, 6-sy bolsa bürünç medallardyr. Döwlet Berdiýewiň ýobaşçylygyndaky türkmen ýygyndysyna tejribeli hünärmenleriň ikisi — Diýar Hojaýew we Eýmur Mademinow tälimçilik etdi. Topar ýaryşyň öňüsyrasynda Belgradda geçen türgenleşikler bilen ykjam taýýarlygyny kepillendirdi.

Suwda ýüzmek: sanlar we maglumatlar

Suwda ýüzmek boýunça ýaryşlaryň geçirilişi baradaky ilkinji maglumatlar XVI asyra degişlidir. 1515-nji ýylda suwda ýüzmek boýunça ýaryş Italiýanyň Wenesiýa şäherinde guralýar. Sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji resmi gurama 1869-njy ýylda Beýik Britaniýada esaslandyrylyp, ol Angliýanyň sport ýüzüşiniň muşdaklarynyň assosiasiýasy diýlip atlandyrylýar. Şondan köp wagt geçmänkä-de, şeýle sport birleşikleri Ýewropanyň köp ýurtlarynda we Täze Zelandiýada döredilýär.

Futbolyň taryhyndan

Iki müň ýyl mundan ozalky hytaý ýazgylarynda futbol barada ýazylan ilkinji maglumatlara duş gelmek bolýandygy diýseň-diýmeseň örän täsindir. «Aýak bilen top oýnamak» diýlip atlandyrylan bu oýun ilkibaşda garym-gatym oýnalypdyr. Iki ýarym müň ýyl mundan ozal gadymy Gresiýada we Rimde hem «top üçin söweş» atly oýnuň oýnalandygyny taryhçylar belleýärler. Bu oýun söweş sungaty arkaly ýerine ýetirilip, ol wagtyň geçmegi bilen iňlis medeniýetine aralaşýar. Soňlugy bilen futbol, ýagny aýak topy diýlip atlandyrylan bu oýun düzgünleşdirilip başlanýar. Oýunçylar iki topara bölünýär, ýörite egin-eşik we aýakgap geýilýär.

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda mekdebimiziň ezber türgenleriniň biri Begenç Baltaýew bürünç medala mynasyp boldy. Türgen mekdebimiziň ussat tälimçi-mugallymy Alai Nyýazmeňliýewiň toparynda tälim alýar. Begenç Baltaýew dünýä çempionatynda sport sambosy boýunça 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 24 türgeniň arasynda hormat münberinden orun almagy başardy. Pursatdan peýdalanyp, bize türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmakda, şeýle hem watansöýüji, sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Taryhda şu gün

1842-nji ýy­lyň 2-nji de­kab­ryn­da Ang­li­ýa­nyň San­der­lend şä­he­rin­de dog­lan Çarl­zyň, şeý­le-de, Ang­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky bäs­le­şi­gi­niň ge­çi­ri­lip ug­ral­ma­gy­na hem sal­dam­ly go­şant go­şan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

16 klubuň 12-si belli boldy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky 5-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Oý­na­lan 16 oýun­da 54 gol ha­sa­ba al­nyp, du­şu­şyk­la­ryň 4-sin­de 6 gol der­we­zä gi­ri­zil­di. 2 oýun gol­suz ta­mam­la­nyp, je­mi 6 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. 7 oýun­da ýer eýe­le­ri, 3 du­şu­şyk­da myh­man­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. 1/8 fi­na­la çy­kan klub­la­ryň 12-si bel­li bo­lup, «Re­al Mad­rid», «Re­al So­sie­dad», «Man­çes­ter Si­ti», «Le­ip­sig», «In­ter» klub­la­ry­nyň ha­ta­ry­na «Ar­se­nal», PSW, «At­le­ti­ko Mad­rid», «La­sio»,

47 ýyl­dan soň 2-nji kubok

Ten­nis bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň (er­kek­ler) ara­syn­da ge­çi­ril­ýän De­wis Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň Ma­la­ga şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ryn­da ital­ýan­lar çär­ýek fi­nal­da Ni­der­land­lar­dan, ýa­rym fi­nal­da-da serb­ler­den 2:1 ha­sap­lar bi­len üs­tün çyk­dy. Fi­nal­da Awst­ra­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny-da 2-0 ýe­ňen ital­ýan­lar 47 ýyl­dan soň 2-nji ge­zek De­wis Ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da Mat­teo Ar­nal­di Alek­seý Po­pi­ri­ni 2:1 (7:5, 2:6, 6:4), 2-nji du­şu­şy­gyn­da-da Ýan­nik Sin­ner Aleks de Mi­nau­ry 2:0 (6:3, 6:0) ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu 2 ýe­ňiş­den soň jü­büt­le­ýin du­şu­şy­gyň ge­çi­ril­me­gi­niň zerurlygy hem gal­ma­dy. Şun­luk­da, Ýan­nik Sin­ner, Lo­ren­zo Mu­set­ti, Lo­ren­zo So­ne­go, Mat­teo Ar­nal­di hem-de Si­mo­ne Bo­lel­li da­gy­dan dü­zü­len Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­da­ky 2-nji De­wis Ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy mun­dan öň di­ňe 1976-njy ýyl­da çem­pi­on bo­lup­dy. Olar şon­da şol wagt­ky Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­ny ýe­ňip­di. Fi­nal­da 6 sa­par utu­lan Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy De­wis Ku­bo­gy­ny 2 ge­zek ga­za­nan 11-nji ýurt hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

Ajaýyp baýramçylyk

Gözel paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki abraýyny has-da artdyrdy. 29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen mediaforumda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemleri jemlenildi. Oňa Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), Afrika kuraş bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa kuraş konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady. Ol çempionatyň uly üstünliklere beslenendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa geljekki hyzmatdaşlyk hem-de netijeli gatnaşyklar üçin täze meýdança öwrülen bu ägirt uly çäräniň üstünlikli geçirilmegine goşan goşantlary üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

«Real Madrid» 1-nji orna beýgeldi

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ita­lia» der­bi­sin­de «Ýu­wen­tus» bi­len «In­ter» du­şu­şyp, du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Wla­ho­wi­çiň hem-de Mar­ti­ne­siň gar­şy­lyk­ly gol­la­ry bi­len du­şu­şyk 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Soň­ky çem­pi­on «Na­po­li» myh­man­çy­lyk­da «Ata­lan­ta­ny» Kwa­ras­he­li­ýa bi­len El­ma­syň gol­la­ry esa­syn­da 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da «Fio­ren­ti­na­ny» Teo Her­nan­de­siň 45+2-nji mi­nut­da ge­çi­ren pe­nal­ti go­ly bi­len 1–0 ut­dy. Du­şu­şyk­da meý­dan­ça soň gi­ren «mi­lan­ly» Fran­çes­ko Ka­mar­da 15 ýaş 260 gün bi­len «Se­rie A»-da oý­nan iň ýaş fut­bol­çy diýlip hasaba alyndy. Öz meý­dan­ça­syn­da «La­sio» bi­len du­şu­şan «Sa­ler­ni­ta­na» güýç­li gar­şy­da­şy­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bu ola­ryň şu möw­süm­dä­ki il­kin­ji ýeň­şi bo­ldy. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da myh­man­çy­lyk­da «Ka­diz» to­pa­ry­ny Rod­ri­go (2) we Bel­lin­ga­myň gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Re­al Mad­rid» 1-nji or­na geç­di. Bel­lin­gam «Re­al Mad­rid­de» il­kin­ji 15 oýun­da 14 gol ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. «Ži­ro­na»–«At­le­tik», «Ra­ýo Wal­le­ka­no»–«Bar­se­lo­na» du­şu­şyk­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­man, 2 oýun hem 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. «At­le­ti­ko Mad­rid» An­tu­an Griz­man­nyň 64-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len «Mal­ýor­ka­ny» ýeň­li­ş