"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Öňde möhüm duşuşyklar

Çempionatymyzyň geçen ýyldaky möwsümini kümüş medal bilen tamamlan «Altyn Asyr» futbol topary yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň — AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň saýlama tapgyryndan üstünlikli geçip, bu abraýly ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykmagy başardy. Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň 2024/2025-nji ýyllary üçin bijeler çekildi. Bije çekişligiň netijesinde, umumylykda iki sebite bölünýän we her birinde dört topar bolan toparçalaryň sekizisi emele geldi. Şeýlelikde, «Altyn Asyr» «B» toparçada «Al-Taawun» (Saud Arabystany), «Eýr Fors» (Yrak), «Al-Haldiýa» (Bahreýn) toparlary bilen güýç synanyşar. Duşuşyklar şu ýylyň 17-nji sentýabry — 5-nji dekabry aralygynda geçiriler. Her topar öz meýdanynda üç, myhmançylykda hem şonça duşuşyk geçirer. Toparçada öňdäki iki orny eýelän toparlar ýaryşy dowam etdirer. Aziýa Futbol konfederasiýasynyň habaryna görä, «Altyn Asyr» toparynyň ýerli duşuşyklary Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» stadionynda geçiriler. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda myhmançylykda Yragyň «Eýr Forsuna» garşy geçirer. Bu toparlaryň eýýäm 2018-nji ýylda Yragyň Basra şäherinde AFK Kubogynyň finalynda hem duşuşandyklary bellärliklidir. 2-nji oktýabrda geçiriljek ikinji tapgyrda Türkmenistanyň wise-çempiony «Köpetdag» stadionynda Bahreýniň «Al-Haldiýa»

Welosiped sporty — sagdynlygyň kepili

Sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri bolan welosiped sporty jemgyýetçilik ösüşinde ilatyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýedir. Adam saglygynyň we umumy fiziki ösüşiniň gowulanmagynyň açary hasaplanýan welosiped sporty ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar. Hemmeler üçin elýeterli bolan bu ulag ekologik taýdan örän peýdaly. Ömürlere rahatlyk berýän bu ulaga atlanyp, tämiz howada tebigat gözelliklerine syn edeniňde, täze dünýäni açýarsyň. Ol sagdynlygyň, berk bedenliligiň, şähdaçyklygyň, şadyýanlygyň dünýäsi. Welosiped sürmek bilen meşgullanylanda, dem alyş, nerw ulgamy, gözüň görüjiligi gowulanýar. El-aýak süňkleriň kuwwatlanyp, bedendäki artykmaç ýaglar aýrylýar, myşsalar has bekäp, beden güýç toplaýar. Adam üçin dünýäde bahasyna ýetip bolmajak iň gymmatly baýlyk saglykdyr. Eger-de welosipedi özüňize hemra edinseňiz, kesel golaýyňyza-da gelmez.

Eşretli ýaşaýşyň sakasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde ösüşlere beslenýän täze taryhy eýýamda halkymyzyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanylyp, munda köpçülikleýin bedenterbiýedir sport mynasyp orun eýeleýär. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri, kämilleşmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermekleri üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Ynsan saglygynyň ähli zatdan belentde tutulýan döwründe eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň has-da rowaçlanmagy, türkmen sportunyň ösmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Milli sportuň ösmegi köpçülikleýin bedenterbiýeden başlanýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny berjaý etmäge hem-de sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwesiň barha artýandygyny, bu babatda alnyp barylýan işleriňem gitdigiçe rowaçlanýandygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzda geçirilýän medeni-sport çäreleriniň, ýaryşlaryň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýeti bar. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň saglygyny goramakda we berkitmekde, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen hemişelik meşgullanmaklaryny gazanmakda alnyp barylýan döwletli tutumlaryň dowamat-dowam bolýa

Üçünji aýlawa badalga berildi

Futbol Futbol boýunça milli çempionatymyzyň üçünji aýlawyna badalga berlip, onuň ilkinji tapgyrynda, ýagny 19-njy tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçi» topary Aşgabadyň «Köpetdagyny» kabul etdi.

Ýaş küştçüleriň üstünligi

Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl etrabynda 8 — 16 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşda türkmen küştçüleri bir altyn we bir kümüş medal gazandylar. Çempionata Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Özbegistandan 300-den gowrak küştçi gatnaşdy. 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Mary welaýatyndan mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk gazanan mekdep okuwçysy Aýlar Hemraýewa 1-nji orna mynasyp boldy. Aýlar aýgytlaýjy oýunlarda gazagystanly bäsdeşi Ameliýa Ametowany (7 utuk) hem-de gyrgyzystanly bäsdeşi Amina Şergaliýewany (6 utuk) utdy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alýan Aýlar şu ýylyň fewralynda deň-duşlarynyň arasynda ilkinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolupdy.

Sagdynlygyň mekany

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, şeýle-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sport-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrundaky tagallalar netijesinde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde, ak mermerli paýtagtymyzda hem-de Arkadag şäherinde sport düzüminiň häzirki zaman desgalary gurulýar. Berkarar Watanymyz halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwrülýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň sport abraýynyň arşa göterilmegine täze mümkinçilikleri açmak bilen birlikde, türgen ýaşlarymyza dürli derejeli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmäge hyjuw berýär. Geçen sanlyja ýylyň dowamynda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, sebitleýin sport ýaryşlarynyň, «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň üstünliklere beslenip geçirilendigini bellemek diýseň ýakymly. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzyň gözel künjegindäki Olimpiýa şäherçesiniň Gyşky oýunlar sport toplumynda üstünlikli geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryşy hem Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmündäki ornunyň barha pugtalandyrylýandy

Welaýatymyzyň samboçylarynyň üstünligi

Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäherinde sambo boýunça dünýä kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, medallaryň 10-syna mynasyp boldular. Jemi agram derejeleriniň 26-sy boýunça geçirilen ýaryşda welaýatymyzyň türgenleriniň ikisi — Kambar Omarow we Aziza Nazarowa nobatdaky gezek öz başarnyklaryny görkezdiler. Çärjew etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Kambar Omarow ýaryşyň ilkinji gününde üstünlikli çykyş eden türgenleriň biri boldy. 71 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz bürünç medala mynasyp boldy. Ýaryşyň ýeňijileriniň ýene-de biri Dänew etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aziza Nazarowadyr. Ol 54 kilogram agram derejesinde üçünji baýrakly orny eýeledi.

Üçün­ji aý­la­wa ba­dal­ga be­ril­di

Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­ty­nyň Ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň üçün­ji aý­la­wy baş­lan­dy. Ýo­ka­ry li­ga­nyň 19-njy tap­gy­ry­nyň çä­gin­de «Ahal» bi­len «Aş­ga­bat» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk paý­tag­ty­my­zyň «Nu­saý» sta­dio­nyn­da bol­dy. Du­şu­şyk 3:0 ha­sa­byn­da «Aha­lyň» ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. To­par­da Meý­lis Di­ni­ýew, El­man Ta­ga­ýew we Hak­mu­ham­met Bä­şi­mow da­gy ta­pa­wut­lan­dy. «Ar­ka­dag» we «Şa­ga­dam» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk hem «Nu­saý» sta­dio­nyn­da ge­çi­ril­di. Gy­zyk­ly ge­çen du­şu­şyk 5:1 ha­sa­byn­da «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry­nyň ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň çem­pi­on fut­bol to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de Di­dar Dur­dy­ýew, Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew, Şa­na­zar Tir­ki­şow, Ars­lan­my­rat Ama­now we Mir­za Bek­na­za­row da­gy ta­pa­wut­lan­dy. «Şa­ga­da­myň» ýe­ke-täk go­lu­ny Hy­dyr­gel­di Ata­ja­now ge­çir­di.

Döwletjan Ýagşymyradow «PFL» Gran-prisiniň finalyna çykdy

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Aşgabat wagty bilen 17-nji awgustda irden ABŞ-nyň Golliwud şäherinde geçirilen «PFL 8» turnirinde awstraliýaly Rob Uilkinsony ýeňlişe sezewar etdi. Tutluşyk «PFL-iň» ýarym agyr agramdaky Gran-pri ýaryşynyň ýarym finalynda geçirilen bu tutluşyk eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda ildeşimiziň peýdasyna tamamlandy (30-27, 30-27, 30-27). Şeýlelikde, Döwletjan «PFL» promouşeninde bassyr 3-nji ýeňşini gazandy.

2025-nji ýylda Boks boýunça dünýä çempionatlarynyň geçjek şäherleri yglan edildi

Halkara boks assosiasiýasy (IBA) 2025-nji ýylda geçiriljek Boks boýunça dünýä çempionatlarynyň ýer eýelerini yglan etdi. Oňa laýyklykda, 2025-nji ýylda Serbiýanyň Belgrad şäherinde zenanlaryň arasynda, Gazagystanyň Astana şäherinde bolsa, erkekleriň arasynda Boks boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Ýeri gelende bellesek, Serbiýanyň Belgrad şäherinde mundan ozal, 1978-nji we 2021-nji ýyllarda erkekleriň arasynda Boks boýunça dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu şäher zenanlaryň arasyndaky Boks boýunça dünýä çempionatyny ilkinji gezek kabul eder.

19 ýaşly hüjümçini 50 million ýewro transfer etdi

«PSŽ» kluby «Rennden» Dezire Dueni t r a n s f e r etdi. Topar Due bilen 2029-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy. 19 ýaşly hüjümçiniň transferi parižlilere 50 million ýewro düşdi.

Dýu Plessi çempionlyk tutluşygynda Adesanýany ýeňdi

Aşgabat wagty bilen düýn irden, Awstraliýada «UFC 305» turniri geçirildi. Turniriň esasy tutluşygynda Günorta Afrika wekilçilik edýän, promouşeniň orta agramdaky häzirki çempiony Drikus Dýu Plessi ozalky çempion Israel Adesanýa bilen güýç synanyşyp, 5 raunda niýetlenilen çempionlyk söweşi möhletinden ozal tamamlandy. Has takygy, 4 raundda Dýu Plessi garşydaşyna yzygiderli urgy hem-de soňra bogmak emelini ulanyp, wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Drikus Dýu Plessi çempionlyk guşagyny özünde saklap galmagy başardy. Ýeri gelende bellesek, Drikus Dýu Plessi özüniň 22-nji ýeňşini gazandy. Onuň hasabynda 2 sany ýeňliş hem bar.

«Baýer» öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň Superkubogyny eýeledi

Lewerkuzen şäheriniň «Baýer» kluby Germaniýanyň Superkubogy üçin geçirilen oýunda «Ştutgarty» ýeňlişe sezewar etdi. Esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlanan gapma-garşylygyň ýeňijisi oýundan soňky 11 metrlik urgularda anyklanyldy. Futbol lotoreýasynda «Baýer» 4:3 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, «Baýer» öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň Superkubogyna mynasyp boldy.

Milner APL-yň rekordyny täzeledi

«Braýton» toparynyň ýarym goragçysy Jeýms Milner Angliýanyň premýer-ligasynda geçirilen möwsümleriň sany boýunça rekordy täzeledi. Ol öz toparynyň APL-yň täze möwsüminiň birinji tapgyryndaky oýnunda «Ewertona» garşy esasy düzümde meýdança çykdy. Şeýlelikde, Milner APL-da oýnan möwsümleriniň sanyny 23-e ýetirdi. Bu täze rekord hasaplanýar. Bu ugurda ozalky rekord Raýan Giggse (22 möwsüm) degişlidi.

«Real» altynjy gezek UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp boldy

Ispaniýanyň «Real» futbol kluby UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp boldy. Geçen möwsümde Ýewropanyň çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan «Real» UEFA-nyň Superkubogy üçin geçirilen oýunda Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolan Italiýanyň «Atalanta» toparyndan üstün çykdy. Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda Karlo Ançelottiniň şägirtleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Ispan toparynyň düzüminde Federiko Walwerde (59) hem-de Kiliýan Mbappe (68) gol geçirdi. Şeýlelikde, «Real» UEFA-nyň Superkubogyny altynjy gezek eýeläp, bu ugurda «Milandan» hem-de «Barselonadan» öňe geçdi. Bu topar mundan ozal, 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji hem-de 2022-nji ýyllarda UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp bolupdy.

«Altyn asyr» AFK Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy

Ýurdumyzyň «Altyn asyr» futbol topary Hindistanyň AFK Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň saýlama duşuşygynda Hindistanyň «Ist Bengal» klubuny myhmançylykda ýeňlişe sezewar edip, bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Hindistanyň Kalkutta şäherinde geçirilen oýun 3:2 hasabynda türkmen toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Ýaş türgenler bäsleşdi

Bäherden etrabynyň Sport mekdebinde küşt boýunça birinjilik geçirildi. Sport mekdebiniň küşt bölümüne gatnaýan uly we kiçi ýaşly türgenleriň arasynda geçen birinjiligi sport mekdebi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady. Ýaşajyk küştçüleriň 50-ä golaýynyň gatnaşmagynda çekeleşikli geçen ýaryşda uly ýaşly oglan türgenleriň arasynda 1-nji orny Tirkeşmuhammet Garamämmedow, 2-nji orny Myratberdi Myratberdiýew, 3-nji orny Parahat Ataýew eýeledi. Gyzlaryň arasynda 1-nji orny Leýli Geldiýewa, 2-nji orny Gülnäz Adylowa, 3-nji orny Mylaýym Toýlyýewa eýeledi. Kiçi ýaşly oglan türgenleriň arasynda baýrakly 1-2-3-nji orunlara degişlilikde Arslanmyrat Geldiýew, Aýnazar Garamämmedow, Abdylla Myradow mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda 1-nji orny Näzik Adylowa, ikinji orny Eminegül Garamämmedowa, üçünji orny Aýşa Annasähedowa eýeledi.

Sport. Saglyk. Ruhubelentlik

«7/24.tm»:№34 (221) 19.08.2024 Ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy ha­sap­lan­ýan asu­da Wa­ta­ny­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek­de, ýaş­la­ry köp­çü­l­ik­le­ýin spor­ta çek­mek­de uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Prezi­den­ti­miziň alyp bar­ýan sport sy­ýa­sa­ty­nyň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Hut şo­nuň üçin hem hä­zir­ki gün­ler­de şä­he­ri­mi­ziň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän sport bäs­le­şik­le­ri hem giň ge­ri­me eýe bol­ýar.

Öň­de be­lent sep­git­ler bar

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Hü­nä­re bo­lan söý­gi adam­da ke­ma­la gel­ýän asyl­ly gy­lyk-hä­si­ýet­le­riň bi­ri. Hü­nä­ri her kim özü­çe söý­ýär. Kim gö­wün sö­ýen hü­nä­ri­ni edi­nip, hü­när­men hök­mün­de zäh­met çe­ke­si gel­ýär, kim bol­sa öz hü­nä­ri­ni ýaş ne­sil­le­re öw­ret­me­gi mak­sat edin­ýär.

Türkmen samboçylary Dünýä kubogynda üstünlikli çykyş etdiler

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 2024-nji ýylyň 15 — 16-njy awgustynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde sambo boýunça Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. «Gazprom» sport toplumynda geçirilen şol ýaryşlara Türkmenistandan 29 türgen gatnaşdy» diýip, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berilýär.