"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Gyzykly geçen ýaryşlar

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň welaýat futbol federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 3-nji sport mekdepde futzal boýunça geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň ýaşy 35-den kiçi bolmadyk işgärlerinden düzülen  toparlar gatnaşdylar. Gyzykly we çekeleşikli oýunlary peşgeş beren ýaryş aýlaw görnüşinde geçirilip, ol «Ýüpek ýoly» toparynyň ýeňiş gazanmagy bilen jemlendi. «Merdana» topary ikinji, «Hukukçy» topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Gulaýym Nazjanowa,welaýat  bedenterbiýe we sport  baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi.***Balkanabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda edara-kärhanalaryň  işgärleriniň we welaýat merkeziniň ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda küşt boýunça ýaryş geçirildi. Syrly göçümleriň ezberlerini bir ýere jemlän bäsleşik gyzykly ýagdaýda geçip, onda birinji orna «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň maşinisti Lukman Melikow mynasyp boldy. Bu konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň inženeri Wadim Kubrakow ikinji, Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Mämmedanna Halymow üçünji orunlara eýe çykdylar.

«Ýu­wen­tus» 22-nji ge­zek fi­na­lda

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da «Ýu­wen­tus» hem-de «Ata­lan­ta» fi­na­la çyk­dy. 1-nji oýun­da öz meý­dan­ça­syn­da 2–0 ýe­ňen «Ýu­wen­tus» myh­man­çy­lyk­da «La­sio­dan» 2–1 (Kas­tel­ýa­nos 12, 48 — Mi­lik 83) ha­sa­byn­da ýe­ňil­se-de, fi­na­lda oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Ku­bo­gy 14 ge­zek eýe­län «Ýu­wen­tus» 22-nji sa­par fi­na­la çyk­dy. «Ýu­wen­tu­syň» fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy «Ata­lan­ta» öz meý­dan­ça­syn­da «Fio­ren­ti­na­ny» 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di (Ko­op­meý­ners 8, Ska­mak­ka 75, Luk­men 90+5, Pa­şa­liç 90+8 — Mar­ti­nes Ku­ar­ta 68). 1-nji oýun­da 1–0 ýe­ňiş ga­za­nan «Fio­ren­ti­na» to­pa­ry 53-nji mi­nut­dan soň meý­dan­ça­da 1 oýun­çy az bo­lup gal­dy. Şun­luk­da, «Ata­lan­ta» to­pa­ry 6-njy ge­zek fi­na­la çy­kyp, olar şu wag­ta çen­li di­ňe 1 ge­zek ýe­ňi­ji bolmagy başar­dy (1963).

«Wembley»-de yzly-yzyna 2-nji Man­çes­ter der­bi­si

Dün­ýä­niň iň ga­dy­my fut­bol bäs­le­şi­gi ha­sap­lan­ýan Ang­li­ýa­nyň FA Ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da bas­syr 2-nji ge­zek Man­çes­ter der­bi­si oý­na­lar. Ge­çen ýyl­ky fi­nal­da il­kin­ji ge­zek du­şu­şan Man­çes­ter şä­he­ri­niň we­kil­le­ri ýa­rym fi­nal­da kyn­çy­lyk çek­se­le­rem, ola­ryň 2-si­ne hem ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şart­dy. «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len ýa­rym fi­nal oýun­la­ry­nyň 1-nji­sin­de «Man­çes­ter Si­ti» bi­len «Çel­si» du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry lon­don­ly­lary Ber­nar­do Sil­wa­nyň 84-nji mi­nut­da ge­çi­ren ýe­ke-täk go­ly bi­len 1-0 ha­sa­byn­da ýeň­di.

«Al-Ain» bilen «Ýokohama F. Marinos» finala çykdy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 2023/24 möw­sü­mi­niň fi­na­la çy­kan to­par­lary bel­li bol­dy. Ýa­rym fi­na­lyň jo­gap oýun­la­ryn­dan soň BAE-niň «Al-Ain» to­pa­ry bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň «Ýo­ko­ha­ma F. Ma­ri­nos» to­pa­ry fi­nal­da du­şu­şar­lar. Bir hep­de öň öz meý­dan­ça­syn­da 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Al-Ain» myh­man­çy­lyk­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al Hi­lal» to­pa­ryn­dan 2–1 as­gyn gel­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­ny Ru­ben Ne­weş (4 p) bi­len Sa­lem Al-Dow­sa­ri (51), Emir­lik­le­riň we­ki­li­niň go­lu­ny-da 12-nji mi­nut­da Erik ge­çir­di. Şun­luk­da, Her­nan Kres­po­nyň tä­lim ber­ýän «Al-Ain» to­pa­ry 2003-nji, 2005-nji we 2016-njy ýyl­lar­dan soň 4-nji ge­zek AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň fi­na­ly­nda oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Olar 2003-nji ýyl­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy­lar.

«Atalanta» «Liwerpuly», «Roma» «Milany» ýaryşdan çykardy

UEFA Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­lyň jo­gap du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. «Ata­lan­ta» öz meý­dan­ça­syn­da «Li­wer­pul­dan» 1–0 (Sa­lah 7 p) ha­sa­byn­da utul­sa-da, 1987/88 möw­sü­min­den (Ku­bok­çy­la­ryň Ku­bo­gy) soň Ýew­ro­ku­bok­lar­da 2-nji ge­zek ýa­rym fi­na­la çyk­dy. «Li­wer­pul» 1-nji oýun­da öz meý­dan­ça­syn­da 3–0 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip­di.

Çempionlar Ligasynyň ýarym final duşuşyklary

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň ýe­ne-de ge­çi­ril­jek 5 du­şu­şyk­dan soň şu möw­süm­lik işi ta­mam­la­nar. Ýag­ny ýa­ry­m fi­na­l we fi­nal du­şu­şyk­la­ryn­dan soň UEFA-nyň iň uly klub ýa­ry­şyn­da umu­my­lyk­da 69-njy, Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň 32-nji möw­sü­mi­niň çem­pio­ny bel­li bo­lar. 2019/20 möw­sü­min­den soň iň­lis klub­la­ry bol­maz­dan ge­çi­ril­jek ýa­rym fi­nal­da 2 ne­mes to­pa­ry, is­pan­lar­dyr fran­suz­la­ryň hem 1 klu­by çy­kyş eder. Umu­my­lyk­da, UEFA-nyň 2 uly ýa­ry­şyn­da Çem­pi­on­lar Li­ga­sy hem-de Ýew­ro­pa Li­ga­sy – iki­sin­de-de ýa­rym fi­nal­da ýe­ke iň­lis klu­by hem gal­man, ýur­duň fut­bol­da­ky bar ab­ra­ýy şu möw­süm üçin Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da ýa­rym fi­na­la çy­kan «As­ton Wil­la­nyň» ger­de­nin­de. Soň­ky ge­zek 2014/15 möw­sü­min­de UEFA-nyň 1–2-nji de­re­je­li klub ýa­ry­şy­nyň ýa­rym fi­na­ly­na ýe­ke iň­lis klu­by hem çyk­man­dy. 3-nji ge­zek ýa­rym fi­na­la 2 ne­mes klu­by çy­kyp, mun­dan öň 2012/13 hem-de 2019/20 möw­süm­le­rin­de şeý­le wa­ka bo­lup­dy. Ola­ryň iki­sin­de-de «Ba­wa­ri­ýa» ýa­rym fi­nal­çy bo­lup, oňa il­ki «Bo­rus­si­ýa Dort­mund», soň­ra «Le­ip­sig» ýol­daş­lyk edip­di. Şol 2 möw­süm hem «Ba­wa­ri­ýa­nyň» çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­la­nyp­dy. 2012/13 möw­sü­min­de «Ba­wa­ri­ýa» bi­len «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» fi­na­la çy­kyp, mün­hen­li­ler şu ýyl­ky fi­na­lyň ge­çi­ril­jek ýe­ri bo­lan «Wemb­ley» sta

UEFA-da ku­bok ga­za­nan il­kin­ji grek klu­by

UEFA Ýaş­lar Li­ga­syn­da Gre­si­ýa­nyň «Olim­pia­kos» to­pa­ry çem­pi­on bol­dy. Grek klu­bu­nyň ýaş­lar dü­zü­mi Şweý­sa­ri­ýa­nyň Nýon şä­he­rin­de ge­çi­ri­len fi­nal­da Ita­li­ýa­nyň «Mi­lan» to­pa­ry­nyň ýaş­lar dü­zü­mi­ni 3–0 ha­sa­byn­da ut­dy. «Olim­pia­ko­sa» ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 60-njy mi­nut­da pe­nal­ti­den Mu­za­kits, 61-nji mi­nut­da Pa­pa­ka­nel­los, 66-njy mi­nut­da-da Ba­ku­las der­we­zä gi­riz­di. Şun­luk­da, «Olim­pia­kos» to­pa­ry ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bol­dy. «Olim­pia­kos» to­pa­ry UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji grek klu­by hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Umu­my­lyk­da, bu grek­le­riň UEFA-da­ky EURO 2004-de ga­za­ny­lan çem­pi­on­lyk­dan soň 2-nji ýeň­şi bol­dy. «Olim­pia­kos» to­pa­ry esa­sy li­ga­dan bol­man çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3-nji klub bo­lup, on­dan öň «Le­ip­sig» hem-de ge­çen möw­süm­de AZ to­par­la­ry ýa­ry­şa ýer­li çem­pi­on­lar ka­te­go­ri­ýa­syn­dan go­şu­lyp, ku­bo­gy eýe­läp­di. Ge­çen möw­süm 3-nji ýe­ri eýe­län «Mi­lan» bu sa­par kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. 10-njy ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «Çel­si» bi­len «Bar­se­lo­na» 2, «Ben­fi­ka», «Por­to», «Re­al Mad­rid» 1 sa­par çem­pi­on­lyk ga­zan­dy.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

26-njy ap­rel (an­na) A. De­mirs­por – Ga­la­ta­sa­raý (22:00)

20-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan «In­ter» 2-nji ýyl­dy­zyň eýe­si bol­dy

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­dan» soň Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çem­pio­nat­la­ry­nyň ýe­ne bi­rin­de möw­sü­miň çem­pio­ny bel­li bol­dy. Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-da «In­ter» to­pa­ry şä­her der­bi­sin­de kö­ne bäs­de­şi «Mi­la­ny» 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, ta­ry­hyn­da­ky 20-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy we 2-nji ýyl­dy­zyň eýe­si bol­dy. Ju­sep­pe Me­az­za sta­dio­nyn­da oý­na­lan du­şu­şyk çe­ke­le­şik­li hem-de dart­gyn­ly ýag­daý­da geç­di. 18-nji mi­nut­da Fran­çes­ko Açer­bi ha­sa­by aç­dy. 49-njy mi­nut­da Mar­kus Tu­ram 2-nji go­ly «Mi­la­nyň» der­we­ze­sin­den ge­çi­rip, çem­pi­on­ly­ga bar­ýan ýo­ly ha­sam ýa­kyn­laş­dyr­dy. Oý­nuň 80-nji mi­nu­tyn­da Fi­ka­ýo To­mo­ri­niň go­ly «Mi­la­ny» soň­ky mi­nut­lar üçin umyt­lan­dyr­sa-da, bu ola­ra ýe­ter­lik bol­ma­dy. Ga­lan mi­nut­lar­da «Mi­lan» kö­ne bäs­de­şi­niň öz­le­ri­ni ýe­ňip, çem­pi­on­lyk ga­zan­maz­ly­gy üçin el­de ba­ry­ny et­se-de, «In­ter» 2-1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 tap­gyr ga­lan­da 17 utuk ara­ta­pa­wut bi­len çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da «Mi­lan­da» Her­nan­des bi­len Ka­lab­ria, «In­ter­de» bol­sa Dumf­ris gy­zyl kart al­dy. «Mi­la­ny» soň­ky 6 oýun­da ýe­ňen «In­te­riň» tä­lim­çi­si Si­mo­ne In­za­gi tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ol fut­bol­çy­lyk ýyl­la­ryn­da-da «L

«Real Madridiň» 105-nji «El Klasiko» ýeňşi

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «El Kla­si­ko­da» «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da «Bar­se­lo­na­ny» Jud Bel­lin­ga­myň 90+1-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňip, ara­ta­pa­wu­dy 11 utu­ga çy­kar­dy. Bu ýe­ňiş­ bi­len çem­pi­on­ly­ga ýe­ne bir ädim go­laý­lan «Re­al Mad­rid» «El Kla­si­ko­lar­da­ky» 105-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. «Re­al» «Bar­se­lo­na» bi­len ge­çi­ren soň­ky 6 du­şu­şy­gyn­da ýe­ňil­män, 3 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nyp, 3 oýun­da-da deň­me-deň oý­na­dy. Bu gör­ke­zi­ji «Re­al» üçin 1935/36 möw­sü­min­den bä­ri iň go­wy ne­ti­je­dir. Ha­wi yz­ly-yzy­na 4 «El Kla­si­ko­da» utu­lan 2-nji bar­se­lo­na­ly tä­lim­çi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. «At­le­ti­konyň» myh­man­çy­lyk­da «Ala­wes­den» 2–0 utu­lan tap­gy­ryn­da «Ži­ro­na» öz meý­dan­ça­syn­da «Ka­di­zi» 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­di.

Re­kor­dy 45 se­kunt ös­dür­di

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len 44-nji Lon­don ma­ra­fo­nyn­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da dün­ýä re­kor­dy tä­ze­len­di. Olim­pi­ýa çem­pio­ny, ke­ni­ýa­ly Pe­res Jep­çir­çir 2 sa­gat 16 mi­nut 16 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­lip, dün­ýä re­kor­dy­nyň tä­ze eýe­si bol­dy. Ge­çen ýyl bu ýer­de 2-nji ýe­ri eýe­län Pe­res wa­tan­da­şy Me­ri Kei­ta­ni­niň 2017-nji ýyl­da Lon­don­da go­ýan re­kor­dy­ny 45 se­kunt ös­dür­me­gi ba­şar­dy. Ýa­ryş­da efio­pi­ýa­ly Tigst As­se­fa 2-nji, ke­ni­ýa­ly Joý­si­lin Jep­kos­gei 3-nji ýe­ri eýe­le­di. 6 uly ma­ra­fo­nyň bi­ri bo­lan Lon­don ma­ra­fon yl­ga­wyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da-da ke­ni­ýa­ly tür­gen – Alek­san­der Mu­ti­so ýe­ňiş ga­za­nyp, ol 2 sa­gat 4 mi­nut 01 se­kunt­da pel­le­ha­na gel­di. Efio­pi­ýa­ly meş­hur tür­gen Ke­ne­ni­sa Be­ke­le ýe­ňi­ji­den 14 se­kunt gi­jä ga­lyp, 2017-nji ýyl­dan soň ýe­ne-de 2-nji or­na my­na­syp bol­dy. Ýer eýe­le­rin­den Emil Kai­ress 3-nji or­ny eýe­le­di.

Ýa­ry­şy baş­la­ý­şy ýa­ly ta­mam­la­dy

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 5-nji ýa­ry­şy Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­de gu­ral­dy. Şä­he­riň ady­bir hal­ka­ra tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 56 aý­law­lyk ýa­ry­şy 1 sa­gat 40 mi­nut 52,554 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 4-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 58-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýa­ry­şa il­kin­ji ha­tar­dan bat alan Wers­tap­pen sprint ýa­ry­şyn­da pel­le­ha­na bi­rin­ji bo­lup gel­me­gi ba­şar­dy. Mun­dan öň­ki 4 ýa­ry­şyň 3-sin­de Wers­tap­pen 1-nji, mek­si­ka­ly to­par­da­şy Ser­hio Pe­res 2-nji bo­lup­dy. Bu ge­zek iki to­par­da­şyň ara­sy­na «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­tan pi­lo­ty Lan­do Nor­ris gi­rip, ol ýe­ňi­ji­den 13,773 se­kunt yza gal­dy. Pe­re­siň 3-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da 4–5-nji orun­la­ry «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň pi­lot­la­ry – Şarl Lek­ler bi­len Kar­los Saýns Ju­ni­or paý­laş­dy­lar. Ge­çi­ri­len 5-nji ýa­ryş­dan soň sa­na­wyň li­de­ri Wers­tap­pen utu­gy­ny 110-a ýe­tir­di. To­par­da­şy Pe­res 85 utuk bi­len 2-nji ýe­ri eýe­le­se, «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri — Lek­ler 76, Saýns 69 utuk bi­len 3–4-nji orun­da bar­ýar­lar.

Ýeňiji topar sylaglanyldy

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryşynda baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň wekilleri, «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri hem-de ýokary okuw mekdepleriň talyplary gatnaşdylar.

Aşgabatdaky hokkeý ýaryşy

«Galkanyň» ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy Şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirildi. Onuň Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlanmagy bolsa ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň mynasyp miwelerini berýändiginiň, türkmen türgenleriniň ýokary sportda barha kämilleşýändikleriniň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Sport

Ýaryş ýeňijini saýlady Ýakynda Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça mekdebiň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa dürli etraplardan türgenler gatnaşdylar. Ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryş, diýseň, çekeleşikli hem gyzykly boldy. Oglanlar ýaryşyň dowamynda öz ussatlyklaryny aýan edip, garşydaşyndan üstün çykmak üçin yhlasyny gaýgyrmadylar.

Sport

Türgenleriň gazanan üstünligi Golaýda sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň açyk çempionatyna 2006-njy ýyllarda doglan we ondan kiçi ýaşly oglan-gyzlar gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryş 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 17 — 22-si aralygynda Aşgabat şäherinde geçirildi.

Sport ýaryşlary geçirildi

Dänew etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly şygar astynda sport ýaryşlaryny guradyk. Etrabyň ýaş türgenleriniň gatnaşmaklarynda sportuň küşt, şaşka, woleýbol, dzýudo görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlara ildeşlerimiz uly ruhubelentlik we ýokary işjeňlik bilen gatnaşdylar. Munuň özi ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde, sagdyn bedende sagdyn ruhy kemala getirmekde geçirilýän işleriň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini görkezdi. Çekeleşikli geçen ýaryşlarda 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Halmuradowa küşt, Nargiza Sahypjanowa dzýudo, «Galkynyş» toparynyň türgenleri woleýbol boýunça geçirilen ýaryşlarda iň ýokary netijä eýe boldular. Ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere etrap komitetimiz tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Galkan» galkynan topar

Paýtagtymyzda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň 4-nji güni — 18-nji aprelde «A» toparçadaky «Galkan» bilen «Feniks» hokkeý toparlary duşuşdylar. Duşuşykda «Galkan» toparçadaky esasy bäsdeşini 9:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Oýunda bäş şaýba geçiren Perhat Atekaýew şu ýaryşda iň köp tapawutlanan hokkeýçileriň sanawynda birinji orna geçdi. Bu ýeňiş netijesinde «Galkan» hokkeý topary adyny finala ýazdyrmagy başaran ilkinji topar boldy. Şol günüň ikinji ýarymynda «A» toparçadan Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box Iran Mall» hokkeý topary bilen Oman Patyşalygynyň «Oman Nationals» hokkeý topary duşuşdylar. Duşuşykda «Ice Box Iran Mall» hokkeý topary 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Söz — hokkeýçilerden

Perhat ATEKAÝEW,«Galkan» hokkeý toparynyň oýunçysy, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady: — «Galkan» hokkeý toparynda 2019-njy ýyldan bäri çykyş edýärin. Şu ýaryşyň çäginde Özbegistan Respublikasynyň «Feniks» hokkeý topary bilen geçirilen duşuşykda bäş gezek tapawutlandym we netijeli oýunçylaryň hataryndan ýer aldym. Umumylykda bolsa, halkara ýaryşda 9 şaýbany öz adyma ýazdyrmagy başardym.

Üstünlikli geçen sport ýaryşy

Merjen paýtagtymyz hemişe dünýäniň nazarynda. Geçen hepde ak şäherimiz sport jemgyýetçiliginiň ünsüni has-da özüne çekdi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda iri sport baýramçylyklarynyň merkezine öwrülýän ajaýyp Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirildi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara federasiýalardyr assosiasiýalaryň türkmen paýtagtyna ünsüni gönükdirmeginiň esasy sebäpleri Aşgabadyň ajaýyp sport industriýasy we ýaryşlary ýokary derejede geçirip bilijilik aýratynlygydyr. Soňky 15  ýylyň içinde paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşlaryň sany 20-den hem geçýär. Olaryň arasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika, Kuraş boýunça dünýä çempionatlary we beýleki has iri ýaryşlar hem bar. Geçen hepdede geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryş bolsa bu iri sport baýramçylyklarynyň mynasyp dowamyna öwrüldi.