Ýeňişli ýollara badalga
Şol gün etrapdaky Dostluk bagynyň meýdançasynyň daş-töweregi toý lybasyna beslenipdi. Güneşiň çogy, howanyň hoştaplygy bu ýere üýşen adamlaryň meňzine mähir, kalbyna şatlyk çaýýardy. Meýdançanyň bir ýerinde sungat ussatlarynyň aýdymdyr sazlarynyň owazy alyslara ýaň salsa, ýene bir ýerinde wäşileriň gülküli degişme sahnalary mähelläniň göwnüni göterýärdi. Doganlar Guwançdyr Batyr hem deň-duşlary bilen bilelikde bu ýere gelipdiler. Türkmen milli oýunlarynyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilip duran ýerindäki şowhunly sesler olaryň ünsüni özüne çekdi. Daş-töweregi dürli ýaşdaky adamlar bilen gurşalan meýdançanyň ortasynda pälwanlar öz aralarynda erjellik bilen güýç synanyşýardylar. Ýeňiş gazanan pälwanlar mynasyp baýraklar bilen sylaglanylýardy. Tälimçi şol wagt ýetginjeklerden göreşe höwes bildirýänleri bar bolsa, meýdança gelmegini teklip etdi. Guwanç deň-duşlarynyň arasynda güýjüni synap görmek üçin ilkinjileriň biri bolup meýdança çykypdy. Şol gün garşydaşyny ýeňmegi başaran ýaş ýigidi tomaşaçylaryň «Berekella, pälwan ýigit, berekella!» diýip, şowhun bilen garşylamagy diýseň ruhlandyrypdy. Guwanja bu ýeňşi üçin ýadygärlik sowgady hem gowşurylypdy. Şeýdibem ol sportuň bu görnüşine imrinip gidipdi. Ol Saýat etrabyndaky 1-nji sport mekdebine gatnap, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, türkmen milli göreşi boýunça sport ussady, mekdebiň halypa tälimçisi Narmämet Gur