Horezmşalar-anuşteginler döwletiniň adalat ulgamy

16 Iýun 2022
2215

Taryha ser salanymyzda, ýurdumyzyň çäginde kuwwatly döwletler dörändigi we şol döwletlerde kämil kanunçylyk hukuk ulgamynyň işi adalat ulgamynyň kämilleşmegi bilen amala aşyrylandygy baradaky maglumatlara gabat gelýäris.

Sebitde ösen döwlet derejesine çenli ýokary göterilen, 1157 — 1231-nji ýyllarda halkara gatnaşyklary ulgamynda özbaşdak daşary syýasaty ýöreden Horezmşalar-Anuşteginler döwletinde hem adalat ulgamy ýurduň özbaşdaklygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, tertipli we kämil gurluşa eýe bolupdyr. Döwletiň adalat ulgamynda orta asyrlarda musulman döwletlerinde bolşy ýaly, adalatyň hökümi şerigatyň kanunlary we halkyň däp-dessurlary esasynda çykarylypdyr. Raýatlaryň arasynda ýüze çykan dawaly meseleler şerigatyň kanunlary esasynda düzülen kazyýetler tarapyndan çözülipdir.

Dinmuhammet TEKÄÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar