Döwletliligiň milli ahlak ýörelgeleri

2 Iýun 2022
2100

Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys» diýip nygtaýar. Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik duýgularyna ýugrulan bu sözler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde we onuň ähli ýurtlar bilen gatnaşygynda binýat bolup hyzmat edýän ahlak ýörelgeleriniň kökleri baradaky pikirleriň uşlybyny çözleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Halkymyzyň beýleki halklar bilen köp asyrlaryň dowamyndaky gatnaşygynyň, hyzmatdaşlygynyň taryhy tejribesi Bitaraplyk derejesini saýlap almagymyza esas bolandyr. Halkymyz islendik döwürde we islendik ýagdaýda dünýä bilen gatnaşyklarynda parahatçylygy söýüjilik, özara hormat goýmak, hemmelere deň göz bilen garamak, açyklyk häsiýetlerini elden bermändir» diýip bellemegi taryhy ýörelgelere belent sarpadan nyşandyr. Alym Arkadagymyz bu asylly ýörelgeleri kemala getirmekde ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara we milli mirasymyza daýanmagyň zerurdygyny nygtap, edebi-filosofik eserinde: «Oguz türkmenleriniň orta asyrlardaky durmuşyny, syýasy şertlerini, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny şöhlelendirýän «Gorkut ata» şadessanynyň many-mazmunyny gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk, il-günüň asudalygyny, abadan durmuşyny üpjün etmek, maksada okgunlylyk, ynsanperwerlik ýaly mukaddes ýörelgeler düzýär» diýmek bilen, milli edebi mirasymyzyň mazmunynyň ahlak meselesinde tutýan uly ornuny ylmy esasda kesgitleýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserindäki: «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň örän uly baýlygydyr» diýen jümle halkyň bagtyýar durmuşyny, asuda, parahat asmanyny, halkara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda birek-birek bilen ynanyşyp ýaşamagyň juda wajypdygyny düşündirýär. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» kitabynda beýan eden baý durmuş tejribesi, ahlak babatdaky ylmy taglymaty ýaş nesle ýol-ýörelgedir, nusgalyk mekdepdir, ruhy akademiýadyr.

Maral ANNAGULYÝEWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory.
Beýleki habarlar