Gadymy Türkmen Döwletleriniň Baýdaklaryndaky taryhy alamatlar

11 Maý 2022
2279

Geçmişe nazar aýlasaň, türkmeniň mukaddes saýylýan birnäçe tuglarynyň taryhy baradaky maglumatlary görmek bolýar. Ol mukaddes tuglar — baýdaklar örän irki döwürlerde döräpdir. Her döwletiň baýdagy biri-birinden reňki, ýüzündäki alamatlary bilen tapawutlanýar. Sebäbi baýdakda şol döwletiň taryhy, halkyň durmuşy, gymmatlyklary ýerleşdirilendir. Belentde parlaýan buýsançly tuguň her bir alamaty çuňňur mana eýedir. Gadymy türkmen baýdaklarynda, köplenç, Gün, Güneş hem şekillendirilipdir. Olara Nusaý, Merw ýadygärliklerinde has köp duş gelmek bolýar. Gadymy arilerde Gün, Aý, Ýyldyz bilelikde-de şekillendirilipdir. Bu görnüş oguzlarda has hem giň ýaýrapdyr. Oguznama eserinde «Güneş — Tugumyz — Baýdagymyz» diýilýär.

Türkmen taryhyna ser salanyňda, gadymy tuglaryň antik döwürde ýüze çykandygy baradaky maglumatlara duş gelmek bolýar. Şol döwürde adamlar Güne sežde edipdirler. Orta Aziýa halklary Nowruz baýramyny bellänlerinde, patyşanyň çadyrynyň depesinde Günüň şekili salnan tugy galdyrypdyrlar. Bu ýagdaýa Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde-de duş gelinýär.

Ogulşeker ATABALOWA,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar