Gündogaryň zenan şahyrlarynyň döredijiligi

26 Aprel 2022
2251

Zenanlar — Zeminiň zynaty. Olara ähli döwürlerde-de hormat goýupdyrlar, olaryň sarpasyny belent tutupdyrlar. Kompozitorlar olar hakynda aýdym döredipdirler, şahyrlar goşgy setirlerinde olaryň tarypyny ýetiripdirler, ýazyjylar olar hakynda täsirli eserler döredipdirler. Olar barada ençeme ylmy işler hem ýazylypdyr. Olaryň biri hem Mahmud Mirzadanyň (1799-1858) «Nugl-e majlis» (‘Göçme mejlis») atly kitabydyr. Ol ensiklopedik kitaba Orta Aziýanyň, Eýranyň, Hindistanyň zenan şahyrlarynyň döredijiligi girizilipdir. Onda XVI asyrdan başlap, XIX asyrda hem ýaşap geçen birnäçe şahyrlaryň döredijiligi hakynda söhbet edilýär. Taryhda şol döwür «Bazgaşt adabi» diýlip atlandyrylýar. «Bazgaşt» pars sözüniň terjimesi «yza dolanmak» ýaly manyny berýär.

Bu eserde Hindistanda Mogol imperiýasynyň zenan şahyry Nurjahan Bigumynyň (1577-1645) ady hem getirilýär. Soňra eýranly zenan şahyrlardan Mutamid Daulanyň, Sahabi Ispahaniniň, Malika Şuaranyň atlary tutulýar. Olaryň arasynda Nişat atly zenan şahyryň Yspyhanda «Zenan şahyrlar guramasy» atly sufizm mekdebini döredenligi barada maglumat berilýär. Ol zenanlaryň hanakasynda (sopularyň öýi) Rabiýa al Adowiýanyň, Walladanyň, Şahrizadanyň, Leýliniň, Belkisiň döredijiligi bilen ýakyndan tanşandygy barada maglumatlar getirilýär. Ýokarda ady tutulan zenan şahyrlar dürli gazallary, mesnewileri bilen meşhur bolupdyrlar.

Serdar ATAÝEW,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar