Ekologiýa abadançylygy ugrunda

24 Oktýabr 2021
1604

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda suwy rejeli we tygşytly peýdalanmak, häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary oba hojalyk önümçiligine giňden ornaşdyrmak, ýerleriň şorlaşmagynyň we zaýalanmagynyň öňüni almak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şolardan iň täsirli we uzak möhlete gönükdirilen giň gerimli taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygydyr.

«Altyn asyr» Türkmen köli ýurdumyzyň demirgazyk — günbatarynda Üçtagangum bilen Gaplaňgyryň aralygynda ýerleşen Gökleňguýy ýa-da Garaşor çöketliginiň zeý suwlarynyň akdyrylmagy netijesinde emele geldi. Çöketligiň demirgazyk we günorta taraplarynda Gaplaňgyr belentligi, günbatar tarapynda bolsa Üçtagangum düzlügi ýaýylyp gidýär. Ýurdumyzyň ýer üstüniň umumy eňňitligi gündogardan günbatara, ýagny, ýokardan aşak hem-de günbatardan demirgazyga — ilerden gaýra tarapa bolany üçin Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň zeý suwlarynyň Türkmen kölüne akdyrylmagyna doly şert döretdi.

Tirkeş JUMADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar