Tebigat — biziň baýlygymyz

23 Iýul 2021
1332

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini aýawly saklamak, olary geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigy baýlyklary goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.

Tebigy baýlyklary goramak babatynda asylly başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan anyk çäreler görülýär. Halkara kadalaryna laýyk gelýän «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» we beýleki Kanunlar kabul edildi.

Süýjigül SAPAROWA,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň gidrohimiýa laboratoriýasynyň tehnik-himigi.
Beýleki habarlar