Sanly bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

29 Ýanwar 2021
1451

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ykdysadyýetiň ösmegine has-da güýçli itergi berdi. Şunlukda, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek, öňdebaryjy tehnologiýa esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak ugrunda oňyn netijeler gazanyldy.

Şöhrat TAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň bank gözegçiligi bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar