GÖRELDE. KITAP. TERBIÝE
Taksä mündüm. Münenimdenem telefonymy elime aldym-da, okap oturan kitabymy açyp, başymy galdyrman okadym. Swetlana Aleksiýewiçiň «Sink oglanlar» kitabydy ol. Hakykatdan-da, oňa bir gyzaňsoň, başyňy galdyrasyň geljek däldi. Sürüji wagtal-wagtal yzyny görkezýän aýnadan garaýan eken. Öýe golaýlan uçurlarym ol ilkinji gezek söz gatdy: «Oýun oýnaýaňmy, dost?!». «Ýok, kitap okaýan» diýip, oňa haýsy kitaby okaýandygymy, näme baradadygyny aýtdym. Gyzykly kitaba aşa gümra bolanymda, şu günki ýaly, öz ulagymy sürmän, barjak ýerime çenli taksä münüp, kitap okaýanlygymy aýtdym…