Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

28 Ýanwar 2021
1690

Batyr HYDYROW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi:

— Ýurdumyzda demokratik başlangyçlary ykrar etmek we ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen demokratik ýörelgelere täze itergi berildi. Esasy Kanunymyza girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar ýurdumyzyň kanun çykaryjy edaralarynyň palatalarynyň deňhukuklylyk, özbaşdaklyk, adalatlylyk, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda sazlaşykly işlemegini üpjün eder. Bu özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlis ýaly ýokary wekilçilikli guramalaryň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

«Adalat».
Beýleki habarlar