Zähmete hormat

28 Ýanwar 2021
1526

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Şeýle şanly seneleriň biri hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň baýramyny bellemek hakyndaky Permany esasynda bellenilýän Watan goragçylarynyň günüdir. Harby we hukuk goraýjy edaralary ýurdumyzyň we halkymyzyň howpsuzlygyny, kanunçylygy üpjün etmekde hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan hukuklaryny we borçlaryny berjaý etmekde, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekde wajyp we jogapkärli işleri alyp barýar. Harby gullukçylaryň we işgärleriň tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen bellenilýän bu baýram her bir Watan goragçysy üçin mukaddes senedir.

Bilşimiz ýaly, ýakynda «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Watan goragçylarynyň zähmetine, birkemsiz gullugyna mynasyp baha berlip, döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Durdy AMANOW,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň müdiriniň orunbasary, Baş müdirliginiň işgärler bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar