Wa­tan­per­wer­li­giň baý­ra­my

28 Ýanwar 2021
1386

Düýn paýtagtymyzda Watan goragçylarynyň güni ir-säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül desselerini goýmakdan başlandy.

Baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Watan goragçylarynyň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Soňra dabarada watansöýüjilige ýugrulan çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda ýurt goraýan gerçekleriň ata Watanymyzyň goragynda mydama sak durjakdygy, ýurt asudalygynyň, il abadançylygynyň bar zatdan ileridigi, Watany goramagyň iň belent hem-de mukaddes borçdugy nygtaldy. Dabaraly maslahatyň ahyrynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi okaldy. Dabaraly maslahat baýramçylyk konserti bilen utgaşdy.

Mukam MUHAMOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant. Surata düşüren Parahat ATALYKOW.
Beýleki habarlar