Ýurdumyzyň buýsanjy we şöhraty

27 Ýanwar 2021
1438

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýagşy gylyk-häsiýeti, görüm-göreldesi bilen nusga bolýan zenanlarymyz ýurdumyzyň buýsanjy we şöhratydyr. Maşgala ojagyna wepadarlygy, el hünärine ussatlygy türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda abraýyny, mertebesini beýgeldip gelýän aýratynlyklardyr.

Çuňňur söýgüsi, gyzgyn mähri bilen öý-ojagyny ýyladýan zenanlarymyz milli mirasymyzy dabaralandyrmakda, ýaşlary zähmete höweslendirmekde ummasyz işleri bitirýärler.

Abadan GURBANGELDIÝEWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň EHM-iň operatory, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar