Nesil terbiýesi — möhüm mesele

27 Ýanwar 2021
1281

Halkymyz nesil terbiýesini ähli döwürde-de esasy orunda goýupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa ýaş nesliň döwrebap terbiýeli bolmagy, çuňňur bilim almagy barada örän uly aladalar edilýär. Ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, saýlan hünärleriniň eýeleri bolup ýetişmekleri babatdaky meseleler Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň özeninde durýar.

Maşgalanyň abadan hem abraýly bolmagynda çaga terbiýesi esasy orunda durýan zatlaryň biridir. Çagany terbiýelemäge näçe ir başlasaň, şonça-da ir netijesini görjekdigiň öz-özünden düşnüklidir. Tymsalda beýan edilişine görä, bir gelin dana ýaşulynyň ýanyna baryp: «Atam, ýaş çagam bar. Men oňa haçan terbiýe berip başlamaly?» diýip soraýar. Dananyň: «Çagaňyz haçan doguldy?» diýen sowalyna gelin: «Doglanyna dört aý boldy» diýip jogap berýär. Şonda dana ýaşuly oňa: «Onda, gelin, siz dört aý hem gijä galypsyňyz, terbiýä dört aý mundan öň başlamaly ekeniňiz» diýip nesihat edýär.

Maýagül JEPBAROWA,
Balkanabat şäherindäki 42-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar