«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrmak, sport esasynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek döwletimiz tarapyndan öňde goýulýan meseleleriň biridir. Sport — parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdyn durmyşyň ilçisidir. Ajaýyp ýörelgelerimizi sportuň üsti bilen wagyz etmek üçin dürli sport çäreleri, ýaryşlar geçirilýär we biz ähli mümkinçiliklere eýediris.