Ça­pak tan­sy — sag­dyn­ly­ga we ru­hu­be­lent­li­ge ça­gy­ryş

1 gün öň
34

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Tan­syň sag­dyn he­re­ket­ler üçin äh­mi­ýe­ti ba­ra­da köp iş­ler ýa­zy­lyp­dyr. Ta­ry­hy ýaz­gy­lar tan­syň örän ga­dy­my sun­gat­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Ça­ga­ly­gy­myz­dan türk­men ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň toý-baý­ram­la­ry­my­zy be­ze­ýän tä­sin tan­sy aňym­da ga­lyp­dyr. Bu tä­sin­lik ça­pak tan­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Gündogar künjegindäki ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den ýaý­ran ça­pak tan­sy mil­li toý­la­ry­my­zyň be­ze­gi­dir. Ça­pak tan­sy ýaş ge­lin-gyz­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Tan­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­ler giň te­ge­le­gi eme­le ge­ti­rip, onuň mer­ke­zin­de iki ýa-da bir­nä­çe aýal maş­ga­la du­ran ýer­le­rin­de ýu­waş­ja bök­mek ar­ka­ly tan­syň il­kin­ji saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­ni ed­ýär­ler. Ola­ryň el­le­ri­niň aýa­la­ry bi­len ça­pak ça­lyş­la­ry tan­syň ru­hu­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin ber­ýär. Bi­ler­men­ler tans he­re­ket­le­ri­niň as­man gi­ňiş­li­gin­de ga­nat ýaý­ýan guw­la­ry ýa­da sal­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Gö­zel KA­DYR­BER­DI­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­ryh fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by.
Beýleki habarlar