Dary ekini

17 Dekabr 2024
124

Pederlerimiz daryny iň düşewüntli ekinleriň biri hasaplapdyrlar. Şonuň üçin bu ekin barada halk arasynda «Serçeden gorkan dary ekmez», «Allanyň beren güni darydan köp» diýen ýaly, nakyllardyr aýtgylar hem döräpdir. Iýmitlik hökmünde ýokumlylygy bilen tapawutlanýan dary ýylylygy söýýän ekindir. Onuň tohumynyň gögermegi üçin 8 – 10 dereje ýylylyk gerek. Gurakçylyga çydamly bolan dary biologiki aýratynlygy boýunça tiz ýetişýändigi üçin ekerançylykda ätiýaçlyk ekin hökmünde hem ulanylýar. Darynyň tiz bişýän sortlary 50 – 60 günde hasyl bermäge ukyply. Ony güýzlük bugdaý oragyndan soň, aralyk ekin hökmünde ekip, hasyl almak bolýar. Bu gök we bakja ekinlerinden soň topragy gurplandyrmakda hem oňat netije berýär.

Daryny aralyk ekin hökmünde düzümi boýunça dürli görnüşdäki toprakda ösdürip ýetişdirmek bolýar. Onuň talabalaýyk idegi ýetirilende ekerançylyk ýerlerinde haşal otlaryň, ekinleriň keseliniň we zyýankeşleriň azalmagyna, topragyň şorlaşmagynyň peselmegine we onuň iýmit maddalary bilen baýlaşmagyna şert döreýär. Şoňa görä-de, bu ekin ekilende ýerleriň haşal otlugy, zyýankeşleriň we keselleriň ýaýran derejesi hem-de topragyň şorlaşma ýagdaýy nazara alynýar.

Orazgül MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar