Gapydaky hat (Durmuş we biz)

13 Dekabr 2024
191

Bu gün kakam gaty gijikdi-le, işden geler wagtyndan on minut ötüpdir. Gapymyz hem kakylman geçdi. Diňe iniňi tikenekledýän harasat mahal-mahal penjirämizi kakyp ötýär. Öýde ejem ikimiz. Ýanyp duran ýekeje şem. Daşarda bolsa dekabr. Ejem görgüli meni garaşmak duýgusyndan halas etmek üçin erteki gürrüň bermäge durdy. Wakalaryň iň gyzykly ýerini aýdyp başlanynda kakam hakydamda janlanyp, kalbym eleniberýär. Bütinleý ertekiden ünsüm sowulýar. Wiý, ýogsa-da, kakam maňa her gün şokolad getirip berýärdi ahyryn, ol bu gün nähili şokolad getirerkä?

Men ol gün, hakykatdan-da, kakama garaşdymmykam ýa-da şokoladyma? Belki, şokolada garaşan bolmagymam ahmal, ýöne şokoladam kakaň getirende süýji bolýar ahyryn. Dünýäniň ähli kakalary öz çagalaryna şokolad getirýäni üçinem söýülmäge haklydyr! Dünýäniň ähli çagalary bagtlydyrlar. Hemmelerem kakalaryna garaşýar ahyryn.

Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW,
«Nesil».
Beýleki habarlar