Akyldaryň şygyrlarynda saglygyň waspy

12 Dekabr 2024
118

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip, örän jaýdar belleýär. Şu parasatly sözlerden çen tutulanda, söz sungatynyň zergäri hasaplanylýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik aýdyň görünýär. 

Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri ajaýyp döwürde täze öwüşgine eýe bolup, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar. Pyragy her bir ynsanyň arassa pikirli bolmagyny hem-de jemgyýetiň sagdyn bolmagyny arzuwlapdyr. Bu arzuw Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen hut biziň bagtyýar günlerimizde wysal boldy. Akyldar şahyr durmuşyň hözirini görmek üçin sagdynlyk zerur diýlip hasaplapdyr. Ol şonuň üçin hem ýaşaýşyň diregi bolan saglygy goramalydygyny nygtap, şeýle ýazýar:

Akmuhammet ALLABERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra assistenti.
Beýleki habarlar