Hyzmatlaryň görnüşleri we hili gowulandyrylýar

11 Dekabr 2024
151

Jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň jana-jan bähbitlerini goramak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle möhüm işe Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň agzybir işgärleri netijeli gatnaşýarlar.

Guramamyz tarapyndan raýatlarymyzyň bähbidi üçin ätiýaçlandyryşyň täze-täze görnüşleri hödürlenilýär. Olar bilen halk köpçüligi yzygiderli habarly edilip durulýar. Oňa mysal edip «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan «Karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryny» görkezmek bolar. Welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky etrap guramalary şu kada laýyklykda Türkmenistanyň fiziki şahslary bilen karz şertnamasy boýunça karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Oňa laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykyp, ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykanda, ätiýaçlandyryjy karz edarasyna, karzyň üzülmedik we degişli göterim möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemäge borçlanýar. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soňra 10 günüň dowamynda tölenilýär.

Atajan AGALYÝEW,
welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň direktorynyň orunbasary.
Beýleki habarlar