Beýik özgertmeler buýsandyrýar

11 Dekabr 2024
202

Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýunyň dabaralarynyň giň gerime eýe bolýan günlerinde Diýarymyzyň sebitlerinde durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilmegi ählimiziň baýramçylyk şatlygymyzy artdyrýar. Şanly günlerde welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde hususy pudagyň wekillerine degişli bolan Kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle-de nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylandygy hadaky şatlykly habara kalbymyz joşa geldi.

Ýurdumyzyň sebitlerinde ekologiýa taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply haryt önümlerini öndürýän kämil tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurulmagy önüm bolçulygynyň pugtalanmagynyň esasy şertini emele getirýär. Aýratyn guwandyrýan zatlaryň biri-de ýerlerde ýaşlarymyz üçin täze iş orunlarynyň açylýandygydyr. Şanly günlerde kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle-de nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylmagy bilen iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň açylandygy munuň anyk subutnamasydyr.

Süleýman NURYÝEW,
Sarahs etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar