Beýik işlere buýsanç

11 Dekabr 2024
132

Ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş ne­sil ba­ra­da­ky ala­da döw­le­ti­miz­de esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýaş­la­ryň uly üns-ala­da bi­len gur­şal­ma­gy, ola­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi, dö­ret­me­gi, gur­ma­gy, sag­dyn ruh­ly, berk be­den­li bo­lup ýe­tiş­me­gi, hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­me­gi ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­lar bi­zi has-da be­gen­dir­ýär, buý­san­dyr­ýar. El­bet­de, ýaş nes­liň kä­mil­li­gi di­ýil­se, il­ki bi­len, bi­lim ul­ga­myn­da­ky şert­ler göz öňüňde jan­lan­ýar. Ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, olar­da ze­rur en­jam­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy, okat­ma­gyň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we usu­ly­ýet­le­ri­niň işe gi­ri­zil­me­gi ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gyn­da, saý­lap alan hü­när­le­ri bo­ýun­ça bi­lim­le­ri­ni art­dyr­ma­gyn­da, ola­ry ylym­ly-bi­lim­li, wa­tan­sö­ýü­ji, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly edip ýe­tiş­dir­mek­de mu­gal­lym­la­ra ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Şeý­le kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­de ta­lyp­la­ry ýe­tiş­dir­me­giň jo­gap­kär­çi­li­gi uly bo­lup, biz ― mu­gal­lym­lar ta­lyp ýaş­la­ry­my­zyň ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­ly hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da ta­gal­la­ ed­ýä­ris. Ýa­kyn­da ins­ti­tu­ty­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak üçin dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky hal­ka­ra tej­ri­bä­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça kon­fe­ren­si­ýa ge­çi­ril­di. Onuň çä­gin­de «Eko­lo­gik esas­da elekt­rik ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny nä­dip ös­dür­me­li?» diý­len me­se­le ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Beýleki habarlar