Türkmenistanyň söwda toplumy «BHARAT TEX 2024» halkara sergisine çagyrylýar

17 Noýabr 2024
208

Has anyk aýtsak, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Söwda-senagat edarasy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «BHARAT TEX 2024» halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Hindistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan guralýan halkara forum 2025-nji ýylyň 14 — 17-nji fewraly aralygynda geçiriler. Halkara forum bilim sessiýalary, edara ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda tegelek stol maslahatlary, hökümet we işewürlik derejesinde duşuşyklaryň giň toplumyny öz içine alýar.

Sergi dürli sessiýalar, duşuşyklar, täze önümleri tanyşdyrmak, özara düşünişmek hakynda ähtnamalary hem-de eksport-import ugurly şertnamalar baglaşmak üçin möhüm meýdança bolup çykyş eder. Halkara çäräniň kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna, halkara wekillere we satyn alyjylara önümleriň we hyzmatlaryň gerimini giňeltmekde giň mümkinçilikleri hödürlejekdigi ikuçsuzdyr.

Göwher DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekomminikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar