Türkmenistan raýatsyzlyk meselesinde ählumumy tagallalara işjeň gatnaşýar

13 Noýabr 2024
276

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany parahatçylyk we howpsuzlyk ideýalaryny ilerledýän, şol sanda raýatsyzlygy aradan aýyrmakda ählumumy tagallalara işjeň gatnaşýan ýurt hasaplaýar. Milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu syýasatyň halkara derejede ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän köpugurly işleriniň oňyn netijesidir.

Türkmenistan BMG-niň Raýatsyzlygy azaltmak hakynda, Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda Konwensiýalaryny hem-de beýleki köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary gyşarnyksyz berjaý etmäge ygrarlydygyny beýan edip, ynsanperwer ulgamda anyk hereketleri amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz öz tagallalaryny adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli hem-de sebit meýilnamalaryny, taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklara gönükdirýär. Bu işde aýratyn orun raýatlaryň has ejiz toparlaryny, ýagny bosgunlary, raýatlygy bolmadyk adamlary goramaga degişlidir. Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýändigi bu ugurda kanunçylyk ulgamyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmekde we milli kanunçylygy kämilleşdirmekde alnyp barylýan işlerde hem aýdyň görünýär. Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalarynda bellenen kadalar «Bosgunlar hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» we «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyryldy. Netijede, ýurdumyzyň migrasiýa ulgamynyň hukuk binýady berkidildi. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan Halkara Migrasiýa Guramasynyň agzasydyr. Şeýle hem ýurdumyz Merkezi Aziýada BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzalygyna saýlanan ýeke-täk döwletdir.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar