Çagalar — röwşen geljegimiz

6 Noýabr 2024
270

Ata Watanymyz — bagtly çagalygyň mekany. Ýurdumyzda ýaş nesliň erkana we bagtyýar durmuşy, sagdyn ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler şeýle diýmäge esas berýär. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, sport mekdepleriniň döwrebap binalarydyr desgalary ýaş nesil hakdaky aladanyň nyşanydyr.

Watansöýüji, ilhalar, bilimli, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Bu işleriň binýady mekdebe çenli çagalar edaralarynda tutulýar. Şoňa görä-de, çagalar bakja-bagymyzda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk, ýokary hilli guramaga çalyşýarys. Çagalaryň sözleýiş diliniň kämilleşmegine, edep kadalaryny berjaý edişine aýratyn üns berýäris. Geçirýän çärelerimiziň üsti bilen körpelerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak ýaly asylly sypatlaryň kemala gelmegini, olarda milli däp-dessurlarymyza, gözel tebigatymyza söýgi döretmegi we ony gorap saklamak barada düşünje bermegi maksat edinýäris.

Täç GULYÝEWA,
Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki 4-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar