Döwrebap bilimli ýaşlar – röwşen geljegiň kepili

4 Noýabr 2024
286

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sebäbi, şu günki ýaş neslimiz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaş nesliň başlangyç bilimden başlap döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýaş nesle çagalykdan başlap aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlyklarynyň, durmuş ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da ösdürilýär. Durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamaty bolan çagalaryň kadaly ösmegi, milli ruhda terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edilýän irginsiz aladalar muňa subutnamadyr. Biziň mekdebimizde hem döwrüň talaplaryndan ugur alyp, mugallymlar sapaklaryny täsirli guraýarlar, dürli usullardan, öwrediji oýunlardan, tapmaçalardan, matallardan peýdalanýarlar. Bu bolsa guralýan sapaklaryň netijeli bolmagyna, okuwçylaryň bilime bolan höwesiniň artmagyna, ýatkeşliginiň güýçlenmegine ýardam edýär. Başlangyç synplarda matematikany okatmak çylşyrymly iş hasaplanýar. Şonuň üçin-de, mugallymlar okuw işinde okuw kitabyndan başga-da, görkezme esbaplardan, tehniki serişdelerden giňden peýdalanmaly bolýar.

Gülnaz ALTYBAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 64-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar