Başlangyç synplarda synp sagadyny guramak

5 Noýabr 2024
503

Eziz Watanymyzda ýaş nesli edepli-terbiýeli edip ýetişdirmek meselesine örän uly üns berilýär. Çagalar hakyndaky alada bolsa döwletli Diýarymyzyň geljegi barada edilýän tagalladyr. Şu durmuş hakykatyny ösüp gelýän ýaş nesliň aňyna ýetirmek mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Şu meselede synp sagady boýunça guralýan sapaklaryň uly ähmiýeti bar. Men birnäçe ýyldan bäri başlangyç synp okuwçylaryna bilim we terbiýe berýärin. Okuw-görkezme esbaplaryndan, aýratyn-da kompýuterlerden, multimedia tagtasyndan, slaýdlardan yzygiderli peýdalanýaryn. Bu bolsa çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrýar.

2-nji synpda okuwçylara synp sagadyndan «Ýaşululara hormat goýmagyň we olary diňlemegiň edebi» diýen temany geçenimde täze tehnologiýalaryň täsirlidigine açyk göz ýetirdim. Sapaklar şeýle guralanda çagalaryň her biriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip bilmegine ýardam edýär. Bu işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramakda mugallymlar döredijilikli zähmet çekmelidir. Pedagogik ýörelgelerden baş çykaryp bilmelidir.

Şirinjemal ÝEGELEKOWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň mugallymy, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar