Röwşen geljegimiziň şuglasy

3 Noýabr 2024
529

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamy döwleti we jemgyýeti gülledip ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ösüşiň we özgertmeleriň hatyrasyna ylym-bilime, ýokary derejeli tehnologiýalara uly üns berilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge niýetlenen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» aýratyn bellemek gerek. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde okatmagyň we bilim öwretmegiň döwrebap ugurlary barha kämilleşdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler ähli halkymyzy, aýratyn hem biz — bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň iň täze gazananlary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär.

Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýaşlaryň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin orta mekdeplerde bilimiň binýady berkidilýär. Hut orta mekdeplerde bilim öwrenmek, kämilleşmek ýaly düşünjeler kemala gelýär, geljekde ylmy gözleglere höweslenýärler. Şeýle ýaşlar geljekde kämil hünärmenler, ylmy işgärler bolup ýetişýärler. Şonuň üçin hem orta mekdepde berilýän bilimiň hili ýokarlandyrylýar. Okatmagyň hili döwrebaplaşdyrylýar. Esasan hem, ýaşlarda okamak endikleri ösdürilýär, olara kitapdan peýdalanmagyň ähmiýeti düşündirilýär.

Oguljan TURAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar