Nebitgaz senagatynyň möhüm wezipeleri

21 Oktýabr 2024
302

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem-de energetika pudagy döwrebap ösdürilýär, olara sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek wajypdyr» diýip, aýratyn belleýär.

Guwanç MERETDURDYÝEW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önümçilik, ylym we tilsimatlar bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar