Gaz gorlary artdyrylýar

21 Oktýabr 2024
220

Zäkli-Derweze känler toplumynyň sanawyna girýän Çalçulba-Gündogar Çaljulba käniniň ýerleşýän ýeri bolan Merkezi Garagumy geologik taýdan öwrenmek irki döwürlerde başlanan. 1935-nji ýylda ilkinji maglumatlaryň biri bolan «Merkezi Garagumuň täze geologik maglumatlary we onuň nebitgazlylygy» atly makalada ol ýerleriň nebitgazly bolmaklyk mümkinçiliginiň barlygy barada ýazylan, kükürtli depeleriň nebitgaz bilen bagly bolmaklygynyň mümkindigi aýdylýar.

1957-nji ýylda bu ülkede geologik barlag işlerini geçirmek giňden ýaýbaňlandyrylýar. 1958-nji ýylda meýdanyň nebitgazlylygyny öwrenmek üçin geçirilen seýsmiki profilleriň biriniň ugrunda Şyh gümmezinde 101-nji belgili gurluş-profil guýusy goýulýar. 1959-njy ýylyň maý aýynda ol guýuda gazyň açyk çüwdürilmesiniň bolmagy bilen onuň gazdoýgunlydygy ýüze çykarylýar.

Oraznur NURMURADOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň önümçilik geologiýasy bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar