Kriptowalýutany düzgünleşdirmekde dünýä ýurtlarynyň tejribesi

20 Oktýabr 2024
269

Kriptowalýutany düzgünleşdirmekde dünýä ýurtlarynyň çemeleşmeleri örän köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Kriptowalýuta bazarynyň örän çalt depgin bilen ösýändigi nazara alynsa, şeýle köpdürlüligiň sebäbi düşnükli bolýar. Käbir ýurtlarda kriptowalýuta doly kabul edilip, anyk kanuny çarçuwa girizilen bolsa, käbir ýurtlarda kriptowalýuta doly ýa-da bölekleýin görnüşde çäklendirilendir. Kriptowalýutanyň ýaýramagy we onuň dünýä maliýe ulgamyna utgaşmagy netijesinde onuň düzgünleşdirilmegi ýiti zerurlyk ýagdaýyna gelýär. Düzgünleşdirmegiň esasy ugurlaryny has giňişleýin beýan edeliň:

– bikanun ýollar bilen alnan serişdeleriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreş (Anti Money Laundering) we müşderiniň identifikasiýasy (Know Your Client). Köp ýurtlar söwda platformalaryndan we kriptowalýuta gapjyklaryndan özlerini ulanyjylaryň şahsyýetlerini tassyklatmaklaryny talap edýärler. Bu jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmekde ýardam berýär;

Muhammetguly Muhammedow, Rahman Ýowşanow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary.
Beýleki habarlar