Nar hasylynyň ýygym möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

7 Oktýabr 2024
324

Şu günler Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary, kärendeçi daýhanlarydyr hususyýetçileri dürli miweli baglarda ýetişdiren hasyllaryny ýygnamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Olar jogapkärli möwsümiň başyndan bäri, alma, armyt, erik, garaly, şetdaly, nar, üzüm ýaly ençeme miweli önümleriň ýüzlerçe tonnasyny ýygyp, terligi bilen ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna ýetirdiler.

Il-ulsumyzyň döwletli desterhanlarynyň bezegine we berekedine öwrülýän naryň hatda gabygam derileri eýlemekde, öwüşginli reňkleri almakda ygtybarly serişdedir. Hemmetaraplaýyn peýdaly, täsin miweleriň hatarynda durýan nar hasylyny ýygnamak işleri bolsa subtropik etrapda noýabr aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

Gyzylgül GILLIÝEWA,
TDBGI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar