Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy geçen aýda 10 müňden gowrak ulag satandygyny yglan etdi. Şeýle ýagdaý bassyr dördünji aý hasaba alynýar. Ulaglaryň satuwynyň görnetin artandygyny göz öňünde tutup, kompaniýa oktýabr aýynda 20 müň ulag öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Xiaomi Groupyň» esaslandyryjysy Leý Szýun mälim etdi.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, sentýabr aýynda «Xiaomi SU7» elektromobiliniň 15-16 müňüsi satylypdyr. Oktýabrda bolsa kompaniýanyň ulag söwdasynyň her hepde 5 müňden gowrak boljakdygy çaklanylýar. Kompaniýa şu ýyl «Xiaomi SU7» elektromobiliniň 100 müňden gowragyny öndürmegi maksat edinýär.