2025-2026-njy ýyllarda elektron CMR-i Russiýada we Belarusda senagat taýdan ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada «ДМТК» awtonom telekeçilik däl guramasynyň halkara ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Wladimir Korostelýow «Sanly transportasiýa — 2024» forumynda eden çykyşynda beýan etdi.
Öňümizdäki iki ýylyň dowamynda Ýewraziýa ykdysady birleşigine agza ýurtlaryň arasynda e-CMR-ni ulanmak boýunça synag taslamasy hem amala aşyrylar.