2024-nji ýylyň 8 aýynda Birleşen ulag-logistika kompaniýasynyň üstaşyr ýük gatnawlary 1,9 esse ýokarlandy

3 Oktýabr 2024
299

2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň netijelerine görä, «Hytaý-Ýewropa-Hytaý» ugry boýunça Birleşen ulag-logistika kompaniýasynyň — Ýewraziýa demir ýollary alýansynyň (ОТЛК ERA — Russiýa, Gazagystan we Belarus tarapyndan esaslandyrylan bilelikdäki kärhana) üstaşyr konteýner gatnawynyň mukdary 296,2 müň TEU boldy, bu geçen ýylyň görkezijisinden 1,9 esse köpdür. Kompaniýanyň «Ýewraziýa boýunça üstaşyr ýük gatnatmalaryny utgaşdyryjy geňeşiniň» mejlisinde beýan eden maglumatlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Hytaýdan Ýewropa ýük gatnatmagyň möçberi 255,6 müň TEU boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 2,6 esse köpdür. Şol bir wagtyň özünde, ýylyň başyndan bäri Ýewropadan Hytaýa iberilýän önümler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,5% pese gaçyp, ol 40,7 müň TEU barabar boldy. Bu Birleşen ulag-logistika kompaniýasynyň ugurlaryndaky üstaşyr ýük akymlarynyň deňeçersizliginiň soňky döwürde ýokarlanandygyny we 6:1 hasabynda Hytaýyň Ýewropa ýurtlaryna eksportynyň peýdasyna bolandygyny aňladýar.

Beýleki habarlar