Russiýada awtoulagda ýük daşamak islegi juda azaldy. Bu barada «Cargo Dragon» ulag kompaniýasynyň baştutany Maksim Kriştopow «Kommersantyň» žurnalistlerine gürrüň berdi.
Telekeçiniň pikiriçe, islegiň azalmagy ugurdaş importyň, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan gelýän ýük akymlarynyň azalmagy, şeýle hem käbir kärhanalaryň önümçilik kuwwatynyň peselmegi we ilatyň satyn alyş ukybynyň peselmegi bilen baglanyşyklydyr.