Ynamly gadamlar bilen möhüm möwsüme

11 Sentýabr 2024
353

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny depginli ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky yzygiderli aladalaryndan ruhlanýan zähmetsöýer babadaýhanlarymyz üçin örän jogapkärli döwür — pagta ýygymy möwsümi ýetip geldi. Şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly ýaşululardan pagta ýygymyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Hut şu mynasybetli düýn welaýatymyzda «Ak kerwen» dabarasy geçirilip, köpçülikleýin pagta ýygymyna girişildi. Ir säher bilen welaýat häkimliginde etrap hem-de şäher häkimleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleriniň, welaýatyň degişli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Atanyýaz ZÜLPIÝEW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar