Şöhratly menzillerde ýokary sepgitler

7 Awgust 2024
508

Ýurdumyzda ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylmagy, belent sepgitlere eýe bolunmagy ata Watanymyzyň halkara abraýyny barha ýokarlandyrýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň esasy maksady her bir raýatyň abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmakdan, ilatyň durmuş mümkinçiliklerini we bähbitlerini berk üpjün etmekden, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän işler adam hakyndaky aladany öz içine alýar. Raýatlaryň bagtyýar hem eşretli durmuşynyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň ösüş strategiýasynyň baş maksadydyr.

Ata Watanymyzda medeniýet ulgamynyň ösmegine hem aýratyn üns berilýändigini bu ugurda durmuşa geçirilýän işler subut edýär. Olaryň hatarynda medeni maksatly binalaryň gurulmagyny, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyny, halkara medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, «Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär».

Aýnabat ORAZOWA,
Gyzylarbat şäher merkezi kitaphanasynyň 1-nji kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar