«Bizde muňa daýhan tomsy diýerler»

6 Awgust 2024
562

«Bazarda bal akýar» diýen aýtgy howaýy mahabat däl. Ol ak bazarlarymyzyň haryt bolçulygyna oňyn baha berlip, hak aýdylan aýtgy.

«Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýleni. Bu durmuş hakykatyna göz ýetirmek üçin bazarlara, söwda merkezlerine baryp göräýmeli. Hemişe bolşy ýaly, şu günler olaryň tekjelerindäki harytlary, şol sanda ysy burk urýan dürli görnüşli gawun-garpyzlary, miweleri, dürli ir-iýmişleri, bakja önümlerini görseň, gözüň dokunýar, synlasaň, synyň oturýar. Münder-münder gawun-garpyzlaryň, şetdalylaryň, almalaryň, erikleriň, üljeleriň, garalydyr saralylaryň deňinden biparh geçip bolanok. Iň bolmanda, olaryň bahasy bilen gyzyklananyňy duýman galýarsyň. Nyrhlary bolsa elýeterli.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar