Sungata teşne ýürek

2 Awgust 2024
911

Gözellik dünýäsi uç-gyraksyz umman ýaly. Ajaýyp sungat eserlerini synlanyňda dideleriň gözellikleriň dünýäsine atygsaýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Gülara Babaýewa keramikadan dürli şekilleri ýasamagyň ussady, ol ökde nakgaşçy, küýzegär hem dizaýner hökmünde-de tanalýar. Bu zenana ukyp-başarnykdan ýeterlik paý berlipdir. Ussat zenan olaryň sazlaşygyndan ajaýyp sungat eserlerini döredýär.

Gülara çagalykdan surat çekmäge höwesli bolýar. Ol, esasan, küýzeleriň, güldanlaryň, çäýnek-käsedir dürli gap-gaçlaryň suratlaryny çekip, ýüzüni dürli nagyşlar bilen bezemegi gowy görýär. Orta mekdebiň soňky synplarynda okaýan wagty ýaş gyzda öz çeken suratlarynyň şekillerini ýasamak höwesi hem döreýär. Gülara ilki plastilinden dürli şekilleri ýasaýar. Soňra olary palçykdan ýasamaga synanyşýar. Bu işde oňa kakasy Ereş aga, ejesi Hemragül ene ýerli-ýerden kömek berýärler. Çagalykdan ýüreginde beslän arzuwy ýaş zehini Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebine alyp barýar. Ol ýerde mugallymy Tatýana Ostaşowadan sungatyň inçe syrlaryny öwrenýär.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar